Starbucks üstüne gyzgyn çaý dökülen eltip berijisine $50 mln tölemeli boldy

  • 17.03.2025 22:37
  • 7.8k+

Starbucks üstüne gyzgyn çaý dökülip, ýanyk şikes alan eltip berijisi (kurýer) Maýkl Garsia 50 mln dollar öwez tölegini tölemäge borçly edildi. Degişli karary Kaliforniýada kazyýeti çykardy. Çaý bulgurynyň gapagynyň gowşak ýapylmagy kazyýet arzasyna sebäp boldy diýip, CNN habar berýär.

Garsia Kaliforniýanyň Ýokary kazyýetine 2020-nji ýylda şikaýat arzasyny berdi.
Şikaýatçynyň aklawçysy Maýkl Parker Garsianyň sargydy kabul edip alan wagty bulgurlaryň biriniň gapagynyň doly ýapylmandygyny we üstüne dökülendigini aýtdy. Gyzgyn çaý onuň dyzyny ýakypdyr. Netijede, ol “düýpli fiziki agyryny, ruhy hasraty, kemsitmäni, betbagtlygy, gaýgyny, fiziki bozulmany, aladany we emosional kynçylyklary başdan geçirdi, şeýle-de durmuşyň şatlygyny ýitirdi” diýlip, hökümiň tekstinde aýdylýar.
Starbucks bu karar bilen ylalaşmady we şeýle möçberdäki öwez tölegini aşa köp diýip hasaplaýar. Kompaniýa kazyýetiň çözgüdine garşy çykmagy göz öňünde tutýar.


düýn 20:25
6k+

«Hoş geldiňiz, ýöne özüňizi gowy alyp baryň!»: Tramp öz portreti bolan ABŞ pasportyny görkezdi

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp çäklendirilen tapgyrda çykaryljak amerikan pasportlarynyň nusgasyny görkezdi. Bu tapgyryň çykarylmagy ýurduň garaşsyzlygynyň 250 ýyllygyna bagyşlanýar. Döwlet Baştutany täze......

düýn 16:55
4.5k+

BMG, ABŞ we Ýewropa Bileleşigi ýer titremelerinden ejir çeken Wenesuela kömek iberdi

Halkara guramalar we birnäçe döwletler bolup geçen iki sany weýrançylykly ýer titremesinden soň Wenesuela ynsanperwer kömegini bermegi yglan etdiler. Iň soňky maglumatlara görä, ýurtda aradan çykanlaryň sany......

27.06.2026 23:56
6.2k+

Ak tam daşary ýurtlulara gaçybatalga bermegiň doly bes edilýändigini mälim etdi

ABŞ-nyň administrasiýasy daşary ýurt raýatlaryna gaçybatalga bermegini bütinleý bes edýändigini yglan etdi. Bu barada geçirilen brifingde Ak tamyň işgärler apparatynyň ýolbaşçysynyň orunbasary Stiwen Miller......

25.06.2026 14:47
5.3k+

ABŞ-nda Nýu-Ýorky tupanlardan we suw joşgunlaryndan gorajak 10 kilometrlik taslama taýýarlanylýar

ABŞ-nyň Goşunynyň inženerler bölegi Nýu-Ýork şäherini güýçli şumal tolkunlaryndan we suw joşmalaryndan gorajak ägirt uly ulgamyň taslamasyny hödürledi. Bu taslamanyň esasy bölegi Rokhaweý ýarym adasy bilen......