DeepSeek Hytaýyň milli gymmatlygyna öwrüldi we berk gorag astyna alyndy

  • 17.03.2025 18:46
  • 2.6k+

DeepSeek taslamasy Hytaýda milli gymmatlyk hökmünde ykrar edildi we berk gorag astyna alyndy. «The Information» neşiriniň habaryna görä, hökümetiň görkezmesi bilen kompaniýanyň ýolbaşçylary esasy işgärlere daşary ýurt (biometriki) pasportlaryny tabşyrmagy tabşyrdy.

Bu çäreler «täjirçilik ýa-da hatda döwlet syry bolup biljek gizlin maglumatlaryň» daşyna çykmagynyň öňüni almak üçin görüldi.

«DeepSeek-iň administrasiýasy syýahat çäklendirmeleriniň berjaý edilmegini üpjün edýär, onuň enelik kompaniýasy (High-Flyer hej-fondy) ony käbir işgärleriniň pasportlaryny saklamaga mejbur edýär. Bu wakalar Hytaý hökümetiniň emeli aň ugrunda işleýän alymlara we telekeçilere täjirçilik syrlarynyň syzmagyndan howatyrlanyp, ABŞ-a syýahat etmekden gaça durmagy tabşyrmagyndan birnäçe hepde soň ýüze çykyp başlady» — diýip, «The Information» neşiri ýazýar.

«Bloomberg» neşiriniň ýazmagyna görä, DeepSeek-iň meşhurlygynyň artmagy Hytaýyň gazna bazaryna bolan gyzyklanmany güýçlendirdi. Esasan hem tehnologiýa pudagyndaky kompaniýalaryň paýnamalary ýokarlandy. Soňky bir aýyň dowamynda, Hytaýyň gazna bazaryna uly hej-fondlary hem öz içine alýan maýadarlardan, takmynan, 1,3 trillion dollar möçberinde täze maýa çekildi.
DeepSeek modeli eýýämden «China Mobile», «China Telecom», «China Unicom», «Lenovo», «Tencent» we «Kingdee» ýaly iri kompaniýalaryň önümlerine ornaşdyryldy.
DeepSeek-iň «Gizlinlik syýasatyna» (Privacy Policy) we «Ulanyş düzgünlerine» (Terms of Use) görä, bu emeli aň ulgamy ulanyjylaryň maglumatlaryny Hytaýdaky serwerlerinde jemleýär, saklaýar we işläp taýýarlaýar. Bu maglumatlara IP adresleri, brauzeriň we enjamyň maglumatlary, cookie-faýllar, näsazlyk hasabatlary, öndürijilik ýazgylary, operasion ulgam baradaky maglumatlar, klawiaturada basylýan klawişler we ulgamyň dili girýär. Hasabyň pozulmagy ulanyjylaryň maglumatlarynyň düýbünden öçüriljekdigine kepil geçmeýär.


düýn 11:17
4.1k+

Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagy Filippinlerdäki tebigy betbagtçylyk bilen baglanyşdyryldy

Filippinlerde 1640-njy ýylda bolup geçen Parker wulkanynyň atylmagy Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagyna täsir eden esasy şertleriň biri bolup biler. Bern uniwersitetiniň Taryh institutynyň gözlegçisi Riçard......

düýn 10:28
1.1k+

Mejlisde Hytaýyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Mejlisinde milli Parlamentiň wekilleriniň Hytaý Halk Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen duşuşygy boldy. Bu barada Mejlisiň metbugat gullugy habar berýär....

17.06.2026 11:11
1.3k+

Özbegistanda baýragy 100 müň dollara çenli bolan EA startaplarynyň bäsleşigi döredildi

Özbegistanyň Ministrler Kabineti «Emeli aň ulgamynda iň gowy startap» adyny almak ugrundaky her ýylky «President AI Award» bäsleşigini geçirmegiň resminamasyny tassyklady....

16.06.2026 12:35
6k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......