Hindi dramasy “Aziýa Oskarynyň” iň gowy filmi boldy

  • 17.03.2025 17:39
  • 5.3k+

Gonkongda Asian Film Awards 2025 baýragynyň 18-nji gowşurylyş dabarasy geçirildi. Bu baýrak, köplenç, “Aziýa Oskary” diýlip atlandyrylýar. Ýylyň iň gowy filmi režissýor Paýal Kapadianyň “Bize yşyk bolup görünýän zatlaryň barysy” (Все, что нам кажется светом) hindi dramasy boldy. Bu barada Variety habar berýär.

Bu filmiň premýerasy Kann kinofestiwalynda boldy we şol ýerde Gran-prini aldy.
Iň gowy ssenariý üçin baýragy eýranly Mohammad Rasulofyň “Mukaddes injiriň tohumy” (Семя священного инжира) filmi aldy. Bu film Kannyň esasy meýilnamasyna-da girdi.
“Eksgumasiýa” (Exhuma) koreý horrory egin-eşik dizaýny we effekt dizaýny üçin baýraklara mynasyp boldy. Film 93,9 mln dollar gazanyp, Günorta Koreýanyň taryhynda iň girdejili elhençlik filmi boldy.
Aziýa kinosyna goşan goşandy üçin ýörite baýragy “Gitmek karary” (Решение уйти) filmi bilen tanalýan hytaýly aktrisa Tan Weý, şeýle-de koreýaly aktýor Çan Don-gon aldy. Wim Wendersiň “Iň ajap günler” (Идеальные дни) filminden aktýor Kodzi Ýakusýo durmuşda gazanan üstünlikleri üçin heýkele mynasyp boldy.


21.06.2026 10:41
1.8k+

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» premýeradan öňki kassa ýygymlary boýunça ýylyň rekordyny goýdy

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» animasiýa filmi premýeradan öňki görkezilişlerde kassa ýygymlary boýunça 2026-njy ýylyň iň gowy netijesini görkezdi. Bu animasion taslama 17,5 million dollar gazandy diýip, «Variety»......

19.06.2026 20:14
4.6k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

19.06.2026 11:08
2.9k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

18.06.2026 22:08
3k+

Hindistan synaglardaky aldawçylyk sebäpli Telegram-y wagtlaýynça petikledi

Hindistanyň häkimiýetleri Telegram messenjerine girişi 22-nji iýuna çenli wagtlaýynça gadagan etdi. Reuters agentliginiň ýurduň Bilim ministrligine salgylanyp berýän habaryna görä, bu çäre lukmançylyk okuw......