Apple iPhone ulanyjylarynyň ählisini gyssagly iOS-yny täzelemäge çagyrdy

  • 17.03.2025 11:24
  • 3.3k+

Apple kompaniýasy iOS 18-iň irki wersiýalaryndan düýpli kemçiligiň tapylandygy sebäpli, 1,4 milliard iPhone ulanyjysyny iOS-y gyssagly iň soňky wersiýasyna – 18.3.2-ä täzelemäge çagyrdy diýip, «Forbes» neşiri habar berýär.

«CVE-2025-24201» diýlip atlandyrylýan bu kemçilik Safari brauzeriniň Webkit motorynda ýüze çykaryldy. Bu kemçilik arkaly kiberjenaýatçylar galp sahypalary döredip, ulanyjylaryň şahsy maglumatlaryny ogurlap bilerler.
Apple bu howpsuzlyk meselesiniň iPhone XS we ondan soňky modelleri ulanýanlary öz içine alýandygyny belledi. Şeýle-de kompaniýanyň pikirine görä, bu kemçiligiň ähli ulanyjylara däl-de, diňe belli bir topara gönükdirilen bolmagy ähtimal.
iOS 18.3.2 täzelenmesinde bu howpsuzlyk kemçiliginden başga-da, akymly mazmuny (streaming) gaýtadan işlemek bilen baglanyşykly säwlik hem düzedildi. Täzelenmäni ýükläp almak üçin, «Sazlamalar» (Настройки) bölümine girip, yzygiderlilikde «Esasy» (Основные) we «Programma üpjünçiligini täzelemek» (Обновление ПО) opsiýalaryny saýlamaly.


21.06.2026 21:09
1.1k+

Apple Music-iň 11 ýyllygy mynasybetli iň köp diňlenen artistleriň reýtingi düzüldi

Apple Music hyzmatyň taryhynda iň köp diňlenilen 20 ýerine ýetirijiniň sanawyny hödürledi. Bu reýting 2015-nji ýylyň 30-njy iýunynda işe girizilen aýdym-saz platformasynyň 11 ýyllygynyň öň ýanynda peýda boldy.......

16.05.2026 11:20
4.1k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8.1k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....