“Nýukasl” soňky 70 ýylda Angliýada ilkinji uly kubogyny gazandy

  • 17.03.2025 10:39
  • 6.7k+

16-njy martda Londonyň “Uembli” stadionynda Liganyň kubogynyň final oýny geçirildi. “Nýukasl Ýunaýted” 2:1 hasabynda “Liwerpuly” utdy. Şeýlelikde, topar soňky 70 ýylda Angliýada ilkinji uly kubogyny gazandy.

Oýunda ilkinji goly 45-nji minutda “Nýukaslyň” goragçysy Den Býorn saldy. 53-nji minutda hüjümçi Aleksander Isak artykmaçlygy iki gola ýetirdi. “Liwerpulyň” hüjümçisi Federiko Kýeza tapawudy diňe oýna goşulan wagtda (90+4) azaltdy.
Ýarym finalda “Liwerpul” “Tottenhemi” (iki oýnuň jemi boýunça 4:1), “Nýukasl” bolsa “Arsenaly” (4:0) utdy.
Mundan öň “Nýukasl” Liganyň kubogynyň finalyna çykypdy (1976, 2023), ýöne utmak başartmady. Ol soňky uly kubogyny 1955-nji ýylda gazandy – bu Angliýanyň kubogy boldy. 2017-nji ýylda topar Çempionşipde, 2006-njy ýylda bolsa Intertoto kubogynda ýeňiji boldy.
Ýaryşda ýeňiş sany boýunça rekord eýesi “Liwerpul” bolmagynda galýar (10 titul), ol soňky ýeňşini 2024-nji ýylda gazandy.


düýn 23:39
3.2k+

Futbola düşünip bilmeýärler: iň kämil EA modelleri hem APL-de pul goýup, tüwmaýak galdylar

Google, OpenAI, Anthropic we xAI ýaly tehnologiýa ägirtleriniň döreden emeli aň modelleri Iňlis Premýer-ligasynyň oýunlaryna wirtual pul goýup, uly zyýan çekdiler. Financial Times neşiriniň habar bermegine......

13.04.2026 15:30
4.5k+

Ýewropanyň top-ligalarynda ilkinji gezek erkekler toparyna zenan tälimçi bellendi

34 ýaşly Mari-Luize Eta Berliniň «Union» futbol klubunyň baş tälimçisi boldy. Ol bu wezipede pes netijeler sebäpli işinden boşadylan Şteffen Baumgarty çalyşdy....

12.04.2026 21:12
3.7k+

FIFA çaklamalar biržasy bilen taryhda ilkinji gezek şertnama baglaşandygyny yglan etdi

Halkara futbol federasiýasy Birleşen Arap Emirliklerinde ýerleşýän ADI Predictstreet kompaniýasy bilen köp ýyllyk şertnama baglaşdy we bu guramanyň taryhynda täjirçilik oýunlaryny çaklamak boýunça ilkinji......

12.04.2026 00:14
4.5k+

«Liwerpul» Endrýu Robertsonyň topardan gidýändigini mälim etdi

«Liwerpul» futbol kluby goragçy Endrýu Robertsonyň şu möwsümiň ahyrynda topardan gitjekdigini habar berdi....