10 ýaşly mekdep okuwçysy pi sanynyň sifrlerini ýatda saklamak boýunça rekord goýdy

  • 17.03.2025 06:57
  • 7.9k+

Angliýanyň Bristol şäherinde ýaşaýan 10 ýaşly mekdep okuwçysy Alberto Dawila Aragon pi sanynyň sifrlerini tiz wagtda dogry aýtmak boýunça rekord goýdy. Ol bir minudyň dowamynda pi sanynyň oturdan soňky 281 sifrini dogry aýtmagy başardy. Onuň bu ajaýyp üstünligi Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.

Albertonuň pi sanyna bolan gyzyklanmasy 2024-nji ýylyň mart aýynda onuň mekdebinde geçirilen bäsleşikden soň başlady. Şol bäsleşikde okuwçylar pi sanynyň has köp sifrini ýat tutmak üçin ýaryşýardylar. Ýeňiji bolan okuwça mekdep müdiriniň ýüzüne pirog zyňmaga hukuk berilýärdi. Alberto 150 sifri ýatda saklap, bäsleşigiň ýeňijisi boldy.
Şondan soň ol türgenleşiklerini dowam etdirdi. Öň saz bilen bolan gyzyklanmasy oňa bu işde kömek etdi – ol sifrleri ritmler we nagyşlar arkaly ýatda saklaýardy. Özüni rekorda taýýar duýanda, onuň ene-atasy Bristol uniwersitetiniň matematikleri bilen habarlaşdy we synag üçin resmi şaýatlary çagyrdy.
Rekord synagy Klifton obserwatoriýasynyň üçeginde geçirildi. Bu ýerden Albertonuň mekdebe gatnamak üçin üstünden geçýän asma köprüsi hem görünýärdi.

«Bu meniň üçin örän gyzykly synag boldy, we men pikir edýän, islendik adam, ýaşy näçe bolsa-da, bu rekord üçin synanşyp biler» — diýip, Alberto aýtdy.

Onuň üstünligi baradaky habar Halkara pi gününde – ýagny 14-nji martda Ginnesiň rekordlar kitabynyň resmi web sahypasynda çap edildi. Hut şu senäniň hem pi sany bilen baglanyşygy bar – ýylyň 3-nji aýynyň 14-nji güni. Pi sany hem 3,14 sifrleri bilen başlaýar.


düýn 22:32
2k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

16.06.2026 23:19
2.2k+

Beýik Britaniýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlary ulanmagy gadagan eder

Beýik Britaniýanyň hökümeti 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň sosial torlardan peýdalanmagyny gadagan etmäge taýýarlyk görýär. Täze düzgünleriň 2027-nji ýylyň başynda güýje girmegine garaşylýar diýip, «BBC» habar......

15.06.2026 10:46
3.2k+

Gazagystanly aýdymçy 5 sagatda yzyny üzmän 102 aýdym aýdyp rekord goýdy

Shakarim University ýokary okuw mekdebiniň mugallymy Kaýrat Kabyşew 5 sagat 29 minudyň dowamynda gazaklaryň 102 sany halk aýdymyny ýerine ýetirip, dünýä rekordyny goýdy. Bu üstünlik Aziýanyň we Afrikanyň......

11.06.2026 10:59
7.9k+

Çarli Çapline meňzeşleriň 400-den gowragy rekord goýmak üçin Şweýsariýa ýygnandy

Beýik aktýora iň köp meňzeşleriň ýygnanyşygy boýunça dünýä rekordyny täzelemek üçin 400-den gowrak kişi Çarli Çapliniň meşhur sergezdan keşbine girip, Şweýsariýada jemlendi....