Iň uly kripto maýa goýumy: Abu-Dabiden MGX gaznasy Binance-e $2 mlrd maýa goýdy

  • 17.03.2025 06:40
  • 2.8k+

Söwda möçberi boýunça iň uly kriptobirža bolan Binance Abu-Dabiniň MGX döwlet maýa goýum gaznasyndan 2 mlrd dollar çekdi. Bu kriptowalýuta kompaniýalarynyň taryhynda rekord şertnamadyr.

Serişdeler steýblkoinlerde kabul edildi, ýöne olaryň görnüşi mälim edilmeýär.
MGX ilkinji gezek kriptowalýutalara we blokçeýne maýa goýmak bilen, Binance-de uly bolmadyk paýa eýe bolar. Biržanyň maglumatlaryna görä, bu onuň ilkinji institusional şertnamasydyr.
Binance BAE-de ornuny giňeltmegi dowam etdirýär, bu ýerde kompaniýanyň müňe golaý işgäri işleýär. Kriptobiržanyň maglumatlaryna görä, onuň 260 mln ulanyjysy bar, umumy söwda möçberi bolsa 100 trln dollardan geçýär.
Binance-iň ýolbaşçysy Riçard Teng bu şertnamany kompaniýa we bazar üçin “möhüm waka” diýip atlandyrdy. MGX-iň ýolbaşçysy Ahmeý Ýahýa gaznanyň blokçeýn pudagynda geljegi görýändigini belledi.


19.06.2026 19:30
3k+

Şweýsariýa dünýäniň iň bäsdeşlige ukyply ykdysadyýeti adyny ýitirdi

Şweýsariýa dünýäde bäsdeşlige ukyplylygyň IMD World Competitiveness Ranking ýyllyk reýtinginde birinji ornuny ýitirdi. Ýurduň ykdysadyýeti dünýä liderligini Singapura berip, üçünji orna düşdi. Täzelenen......

09.06.2026 15:08
2.4k+

Ýaponiýada bitkoin-ETF-leriň işe girizilmegi 19,3 milliard dollara çenli maýany çekip biler

Seljerijiler Ýaponiýany spot görnüşli bitkoin-ETF-leri işe girizmek ähtimallygy iň ýokary bolan ýurtlaryň biri hasaplaýarlar. XWIN Japan kompaniýasynyň çaklamalaryna görä, şeýle gaznalar öz işiniň ilkinji......

31.05.2026 13:10
8.2k+

UBS: Dünýäniň iň baý maşgalalary dollar maýa goýumlaryny azaldýar

Dünýäniň iň baý maşgalalary geosyýasy näbellilik we ABŞ-nyň hökümet bergileriniň artmagy sebäpli dollar maýa goýumlaryny azaldýarlar. Bu barada Şweýsariýanyň USB bankynyň barlagynda aýdylýar diýip, Reuters......

29.04.2026 16:01
2.2k+

BAE OPEK we OPEK+ nebit bileleşiginden çykýar

Birleşen Arap Emirlikleri (BAE) 1-nji maýdan başlap, OPEK we OPEK+ bileleşiginden çykýar diýip, Reuters habar berýär....