Ýewropa zondy Hera Marsyň täze suratlaryny iberdi

  • 17.03.2025 05:36
  • 2.6k+

Ýewropanyň kosmos agentliginiň (ESA) Hera zondy Ýere Marsyň we onuň hemrasy Deýmosyň täze suratlaryny iberdi. 2025-nji ýylyň 13-nji martynda düşürilen suratlar enjamyň kameralarynyň mümkinçiliklerini görkezýär.

Ýeri asteroidlerden goramak boýunça missiýa gatnaşýan Hera zondy suratlary Gyzyl planetadan 5000 km aralykda uçuş wagty düşürdi. Suratlar enjamyň dürli kameralarynyň işini görkezýär.
Suratlaryň biri adam gözi bilen görünýän spektrden daşary “görýän” Hyperscout H giperspektral kamerasy tarapyndan alyndy. Ol 25 diapazony seljerýär, bu hem Marsyň üstüniň mineral düzümini öwrenmäge mümkinçilik berýär. Beýleki bir surat topragy öwrenmek üçin  temperatura kartalaryny döredýän JAXA infragyzyl kamerasy bilen düşürildi.

Şeýle-de, Hera nawigasiýa we ylym üçin ulanylýan 1020x1020 piksel kamera bilen alnan gara-ak suratlary iberdi.
Soňky surat – Hera missiýasynyň toparynyň baýramçylyk suraty. Hünärmenler Queen toparyndan Braýan Meýem bilen bilelikde gazanylan üstünligi belleýär.
Indi zond esasy maksadyna – DART bilen çaknyşan asteroide tarap ugraýar.


düýn 10:53
1.6k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....

24.06.2026 08:02
2.3k+

Litiý-keramiki batareýalaryň täze nesli 1000 km uçuşlary amala aşyrmaga mümkinçilik berer

Taýwanyň batareýa öndüriji ProLogium kompaniýasy we Niderlandlaryň Elysian Aircraft aerokosmos kompaniýasy hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekdiler. Hyzmatdaşlar uly ýolagçy elektrik uçarlarynda ulanmak üçin......

24.06.2026 07:48
1.6k+

Ýewropada gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglary togtadyldy

Ýewropanyň Kosmos agentligi geljegi uly bolan gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglaryny taýýarlyk döwründe ýüze çykan garaşylmadyk ýagdaý sebäpli yza süýşürdi....