Ilon Mask: Marsa ilkinji Starship missiýasy 2026-njy ýylyň ahyrynda uçurylar

  • 16.03.2025 22:46
  • 2.4k+

Ilon Mask Marsa ilkinji Starship missiýasynyň 2026-njy ýylyň ahyrynda bolup biljekdigini habar berdi. Gäminiň bortunda Tesla kompaniýasynyň Optimus roboty bolar.

“Indiki ýylyň ahyrynda Starship bortunda Optimus roboty bilen Marsa ugrar” – diýip, SpaceX-iň ýolbaşçysy aýtdy.

Öň KHBS Optimusly missiýanyň 2026-njy ýylyň noýabrynda boljakdygyny habar beripdi. Ähtimal, indi ony dekabra geçirmek göz öňünde tutulýan bolsa gerek.
Üstünlikli uçuş adamzady Marsa gonmaga ýakynlaşdyrar. Maskyň aýtmagyna görä, ilkinji ekipažly missiýalar 2029-njy ýylda başlap biler.

“Eger bu gonuş üstünlikli bolsa, onda adamlaryň gonmagy eýýäm 2029-njy ýylda bolup biler, ýöne has ähtimal sene – 2031-nji ýyl” – diýip, milliarder belledi.

SpaceX kompaniýasy Starship kosmos gämisini synagdan geçirmegi dowam etdirýär. Birinji basgançak Ýere eýýäm birnäçe gezek üstünlikli gaýdyp geldi, ýöne gäminiň özi soňky iki synagda ýaryldy.


02.06.2026 12:47
5.8k+

Ýere azyndan 20 asteroid "assyrynlyk bilen" ýetip gelýär

Indiki aýyň dowamynda Ýeriň golaýyndan azyndan 20 asteroidiň geçmegine garaşylýar, emma hakykatda olaryň sany has köp bolup biler. Bu barada Nowosibirsk Döwlet Uniwersitetiniň “Wega” obserwatoriýasynyň......

31.05.2026 20:50
10k+

ABŞ-nyň asmanynda partlan meteorit birnäçe ştaty sarsdyrdy

30-njy maý güni gündiz güýçli partlan meteorit ABŞ-nyň demirgazyk-gündogar bölegini sarsdyrdy. NASA-nyň habar bermegine görä, asman jisiminiň dargan mahalynda böleklere bölünen energiýasy takmynan 300 tonna......

29.05.2026 23:01
4.9k+

Blue Origin-iň «New Glenn» raketasynyň synagy güýçli partlama bilen tamamlandy

Blue Origin kompaniýasynyň agyr klasly «New Glenn» raketa göterijisi Floridadaky Kanaweral burnunda ýerleşýän 36-njy uçuş toplumynda geçirilen synag mahalynda partlady....

28.05.2026 17:31
2.8k+

Perseverance roweri Marsda «marafon» aralygyna golaýlady we selfi düşdi

NASA-nyň Perseverance mars roweri Ýezero krateriniň günbatar bölegindäki Lac de Charmes diýlip atlandyrylýan sebitde, gadymy Mars peýzažynyň öňünde täze selfi düşürdi. Bu surat 2026-njy ýylyň 11-nji martynda......