Bred Pittiň baş keşbi ýerine ýetirmeginde “Formula-1-iň” resmi treýleri hödürlendi

  • 16.03.2025 22:39
  • 3.7k+

Warner Bros. we Apple TV+ baş keşbi Bred Pittiň ýerine ýetirmegindäki “Formula-1” ýaryş blokbasteriniň resmi treýlerini hödürledi. Film 25-nji iýunda prokata çykar.

Lenta “patyşalyk ýaryşlarynyň” weterany Sanni Heýs (Pitt) barada gürrüň berer. Ol ýaş ýaryşa gatnaşyjy Joşua Pirsiň (Demson Idris) tälimçisi we kärdeşi bolýar.
Filmiň režissýory Jozef Kosinski (“Top Gan: Mewerik”) boldy. Şeýle-de, filme Hawýer Bardem, Kerri Kondon, Tobaýas Menzis we Kim Bodnia gatnaşýar.
Bred Pitt we britaniýaly ýaryşa gatnaşyjy Lýuis Hemilton egindeş prodýuserler hökmünde çykyş etdi.


şu gün 19:49
109

Jon Trawolta Kannda duýdansyz ýagdaýda «Altyn palma şahasy» hormat baýragyny aldy

Amerikan aktýory Jon Trawolta kinematografiýa goşan goşandy üçin Kann kinofestiwalynyň «Altyn palma şahasy» hormat baýragyna mynasyp boldy. Bu baýragyň gowşuryljakdygy barada öňünden habar berilmändi....

şu gün 11:29
1k+

Kino hakynda kino: Italiýada «Birwagtlar Amerikada» filminiň döreýşi ekrana geçirilýär

Italiýaly režissýorlar Juzeppe Stazi we Jankarlo Fontana nusgawy «Birwagtlar Amerikada» («Однажды в Америке») kinofilminiň döredilişi barada täze film düşürerler. Bu barada Variety neşiri habar berdi....

düýn 11:36
1.9k+

Netflix Adam Sendler bilen «Synpdaşlar-3» komediýasynyň üstünde işläp başlady

Netflix platformasy baş keşbi Adam Sendleriň ýerine ýetirmeginde meşhur «Synpdaşlar-3» komediýasyny çykarar. Täze filmiň tutumy barada Hollywood Reporter neşiri habar berdi....

düýn 11:13
1k+

Piter Jekson Spilbergiň «Tintiniň başdan geçirmeleri» filminiň dowamyny düşürer

Meşhur režissýor Piter Jekson «Tintiniň başdan geçirmeleri» filminiň dowamynyň üstünde işleýändigini we ssenariýany Fren Uolş bilen bilelikde ýazýandygyny habar berdi....