Samsung bir wagtda 32 oýun görmäge mümkinçilik berýän 8 telewizordan ybarat toplumy çykardy

  • 17.03.2025 06:12
  • 3.6k+

Samsung kompaniýasy sport ýaýlymlary, aýratynam, basketbol oýunlary üçin döredilen Buzzer Beater Bundle telewizorlar toplumyny hödürledi. Topluma diagonaly 55 dýuýmdan 98 dýuýma çenli bolan sekiz model girýär diýip, Sammobile habar berýär.

Kompaniýada bellenilişi ýaly, toplum bir wagtda sekiz kanal boýunça günde 32 oýny görkezmäge mümkinçilik berýär. Her ekran aýratyn oýny görkezip biler, Multi View tehnologiýasy bolsa displeýleri bölmäge mümkinçilik berip, 8 telewizory 16 ýa-da 32 ekrana öwrer.
Toplumyň düzümine girýär:

  • ·4K durulyk bilen bir 98 dýuýmlyk Crystal UHD (DU9000),
  • ·8K durulyk bilen bir 65 dýuýmlyk Neo QLED (QN900D),
  • ·4K durulyk bilen üç 65 dýuýmlyk Neo QLED (QN85D),
  • ·4K durulyk bilen üç 55 dýuýmlyk QLED (Q70D).

Samsung tomaşa etmegiň has rahat bolmagy üçin telewizorlary bellibir tertipde ýerleşdirmegi maslahat berýär.
Toplumyň bahasy 10 300 dollara barabar. Bu telewizorlaryň hersini aýratyn satyn alanyňdan 5 700 dollar arzandyr. 


12.05.2026 14:43
7.2k+

Dua Lipa öz suratynyň TW gutularynda ulanylandygy üçin Samsung-dan $15 mln talap etdi

Aýdymçy Dua Lipa Samsung kompaniýasynyň üstünden kazyýete şikaýat edip, öz suratynyň rugsatsyz telewizor gutularynda ulanylandygy üçin azyndan 15 million dollar möçberinde öwez tölegini talap etdi....

11.04.2026 14:59
8k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

11.04.2026 10:19
3.3k+

Samsung her dördünji ýewropalynyň iliň telefonyna jyklaýandygyny anyklady

Samsung tarapyndan geçirilen barlaga we Delfi agentliginiň berýän maglumatyna görä, Ýewropanyň ýaşaýjylarynyň ýarysyndan gowragy (56%) jemgyýetçilik ýerlerinde iliň telefonynyň ekranyna seredendiklerini boýun......

23.03.2026 00:03
5.8k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-ny yzyna gaýtarmakdan ýüz öwrenlere 250 dollara çenli pul hödürleýär

«Samsung Galaxy S26 Ultra smartfonlaryny ulanýanlar kompaniýanyň enjamy yzyna gaýtarmakdan ýüz öwren ýagdaýynda, olara 250 dollara çenli öwez puly berilýär» diýip WCCFTech neşiri ýazýar. Ulanyjylaryň aýtmagyna görä, şeýle teklibi smartfon barada şikaýat ýa-da satyn alnan önümden närazylyk bilen kömek gullugyna ýüz tutanyňdan soň alyp bolýar...