Ýaponiýada 3D-printerde demir ýol stansiýasy çap ediler

  • 16.03.2025 22:02
  • 5k+

Ýaponiyada dünýäde ilkinji 3D-printerde çap edilen demir ýol stansiýasynyň gurluşygyna başlandy. Bu taslamany «West Japan Railway» bilen binalary 3D çap etmek boýunça ýöriteleşen «Serendix Inc.» kompaniýasy bilelikde amala aşyrýarlar diýip, «The Japan News» neşiri habar berýär.

Täze Hatsusima stansiýasy Wakaýama prefekturasyndaky Kiseý demir ýol ugrunda gurlar.
Bekediň binasy bir gatly bolar, şeýle-de onuň uzynlygy 6,3 metr, giňligi 2,1 metr we beýikligi bolsa 2,6 metr bolar. Meýdany, takmynan, 10 inedördül metr boljak bu kiçi stansiýa betondan gurlar.
Gurluşyk iki tapgyrda amala aşyrylar. Ilki bilen, stansiýanyň bölekleri «Serendix Inc.» kompaniýasynyň Hego prefekturasyndaky zawodynda 3D-printerde çap ediler. Soňra şol bölekler gurluşygyň alnyp baryljak ýerine eltilip, kranyň kömegi bilen birikdiriler. Birikdiriş işleri 25-nji martdan 26-njy marta geçilýän gije, otlularyň gatnawy tamamlanandan soň amala aşyrylar. Bu işler, takmynan, alty sagat dowam eder.
Bu taslama 3D çap edilen desgalaryň duzly deňiz howasyna bolan durnuklylygyny, şeýle hem gurluşyk we hyzmat çykdajylaryny öwrenmäge mümkinçilik berer.

«Eger-de taslama üstünlikli bolsa, biz bu tehnologiýany beýleki [demir ýol] duralgalarynda-da ulanmagy göz öňünde tutarys» — diýip, «West Japan Railway» kompaniýasy belledi.


düýn 11:15
2.2k+

Xiaomi «Madrid» diýen wagtlaýyn at bilen täze telefon çykarmaga taýýarlanýar

Xiaomi kompaniýasynyň «Madrid» diýen gizlin atly täze smartfony ilkinji gezek halkara ykjam enjamlaryň (GSMA IMEI) maglumatlar gorunda peýda boldy. Bu ýagdaý täze telefonuň tiz wagtda satuwa çykaryljakdygynyň......

düýn 07:37
2.7k+

Google Earth-de mugt awiasimulýator peýda boldy: planetanyň üstünden uçup bolýar

Google Earth platformasy göni brauzeriň içinde wirtual uçary dolandyrmaga we dünýäniň dürli sebitlerini uçuş belentliginden synlamaga mümkinçilik berýän mugt awiasimulýatora elýeterliligi açdy....

15.06.2026 12:29
1.2k+

Suwasty robotlar suwuň astynda lazer şöhleleri arkaly zarýadlanylar

Amerikanyň NUBURU kompaniýasy we Italiýanyň SunCubes kompaniýasy lazerleriň kömegi bilen suwuň astynda simsiz energiýa geçiriji ulgamy işläp taýýarlap başladylar. Ol awtonom suwasty enjamlary, datçikleri we......

15.06.2026 08:07
1.4k+

Visa öz töleg ulgamyny ChatGPT-ä çatdy

Visa öz töleg ulgamyny ChatGPT bilen utgaşdyrdy. Bu bolsa çat-bota ulanyjylaryň adyndan özbaşdak haryt saýlamaga we söwda amallaryny resmileşdirmäge mümkinçilik berer....