Audi çykdajylaryny azaltmak üçin 9 müň işgärini işden boşadar

  • 16.03.2025 17:46
  • 4.5k+

Audi kompaniýasy tygşytlylyk maksatnamasynyň çäklerinde 2030-njy ýyla çenli, takmynan, 9 müň iş ornuny azaltmagy meýilleşdirýär. Focus žurnalynyň maglumatlaryna görä, önümçilik geňeşi bu çärelere garşy çykýar.

Kompaniýanyň baş direktory Gernot Dellner kompaniýanyň girdejililigini ýokarlandyrmak üçin çykdajylary azaltmak isleýär. Işden çykarma tehniki bölüme hem täsir eder.
Bu çäreler konserne 1 mlrd ýewrodan gowrak tygşytlamaga mümkinçilik berer, materiallar üçin çykdajylar bolsa 8 mlrd ýewro azalmaly.
Mundan başga-da, Audi aýlyk haklaryny azaltmagy, goşmaça tölegleri aýyrmagy hem-de iýmit we tehniki hyzmatlar ýaly käbir iş ugurlaryny başga bir kompaniýa geçirmegi (autsorsing) meýilleşdirýär.
Awtoöndüriji satuwlaryň gijikdirilmegi we azalmagy sebäpli kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Geçen ýyl topar boýunça satuw möçberi tas 12% peseldi. Germaniýada pese gaçyş 21,3%, Demirgazyk Amerikada 12,7%, Hytaýda 10,9% boldy. Dünýä bazarynda Audi 650 müň töweregi ulag satdy – bu bir ýyl ozalkydan 80 müň birlik azdyr.
Işden çykarmak çäreleri müdirler geňeşinde nägilelik döredýär. Audi “kompaniýanyň has ykjam, netijeli we çeýe bolmagynyň” işgärler üçin çykdajylary azaltmagy talap edýändigini belledi.


09.05.2026 13:31
2.1k+

Brendiň halkasyz ikinji modeli bolan kaşaň AUDI E7X krossoweri ilkinji gezek görkezildi

Pekiniň awtoulag sergisinde AUDI E7X elektrik krossoweriniň resmi taýdan görkezilişi boldy....

27.04.2026 01:41
5.6k+

Milanyň dizaýn hepdeliginde 2026-njy ýylyň iň owadan awtoulaglary saýlanyldy

Milanyň dizaýn hepdeliginde Auto&Design žurnaly tarapyndan her ýyl gowşurylýan Car Design Award 2026 baýragynyň ýeňijileri  yglan edildi. Dabara ADI Design Museum muzeýinde geçirildi....

01.04.2026 16:47
3.5k+

Iri awtoöndürijiler köpçülikleýin elektromobillere geçmekden saklanýarlar

Dünýäniň azyndan 12 sany iri awtomobil öndürijisi elektromobil çykarmak baradaky meýilnamalaryna täzeden seretdiler. Olaryň bu babatdaky maksatnamasyny gysgaldanlary-da, ondan doly ýüz öwrenleri-de bar diýip,......

13.03.2026 17:49
8.2k+

2026-njy ýylyň iň garaşylýan awtoulaglary

Motor1 neşiri 2026-njy ýylyň ahyryna çenli awtomobil bazaryna çykarylmagyna garaşylýan iň täze awtoulag modelleriniň sanawyny çap etdi. Bu sanawa dürli ugurlardaky modeller, şol sanda benzinli, gibrid hem-de doly elektrikli ulaglar girizildi...