Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň müdiriýetiniň mejlisi geçirildi

  • 16.03.2025 16:38
  • 6.6k+

15-nji martda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti O.Atabaýewa Gaznanyň müdiriýetiniň agzalarynyň gatnaşmagynda müdiriýetiň mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine Gaznanyň döredilmeginiň dört ýyllygy mynasybetli geçiriljek çäreleriň guramaçylygyna degişli meseleler girizildi diýlip, “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi.

Mejlisde Gaznanyň türkmen halkynyň milli ruhuna kybap gelýän ynsanperwer ýörelgelerini mundan beýläk-de ösdürmek we bu ugurda dünýä ýurtlary bilen özara tejribe alyşmak meselelerine zerur üns berilmelidigi barada aýdyldy.
Munuň özi  paýhasly pederlerimiziň taryhyň dowamynda döreden asylly ýörelgeleriniň häzirki döwürde işjeň ösdürilmeginde we sogap işleriň dünýä derejesinde wagyz edilmeginde ähmiýetlidigini belläp, Gaznanyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti O.Atabaýewa bu ugurda alnyp barylýan işleriň netijeliligini artdyrmak babatda birnäçe maslahatlaryny berdi.
Gaznanyň döredilmeginiň dört ýyllygy mynasybetli geçiriljek çärelerde halkymyzyň asyrlar aşyp gelýän ynsanperwer ýörelgeleriniň rowaçlyklara beslenýändiginiň öz beýanyny tapmalydygy nygtaldy.


düýn 17:31
1k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

düýn 15:39
1.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
2.8k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

04.06.2026 12:34
4.4k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....