Awstraliýanyň Melburn şäheri her ýyl geçirilýän Space-out Competition bäsleşigini kabul eder, oňa gatnaşyjylar rahatlanmak başarnygy boýunça bäsleşerler. Ýaryş ilkinji gezek ýerli festiwal sungatynyň meýilnamasyna goşuldy diýip, The Guardian ýazýar.
Düzgünlere görä, bäsleşige gatnaşyjylar 1,5 sagatlap hereketsiz gözüni açyp oturmaly ýa-da ýatmaly. Gülen, uklan ýa-da telefona sereden gatnaşyjy bäsleşikden çykarylýar.
Finalçy iki adam bolar: biri iň durnukly pulsy saklan we ýene biri köpçüligiň halany. Ýeňiji olaryň arasyndan saýlanar.
Bu bäsleşigi 2014-nji ýylda günorta koreýaly suratkeş Wupsiang oýlap tapdy. Ol bu usul bilen argynlygy ýeňip geçmäge synanyşdy. Mundan öň bäsleşik Seulda, Gonkongda we Tokioda geçirildi.
Şu ýyl bäsleşik 4-nji iýundan 15-nji iýun aralygynda geçiriljek Rising festiwalynyň meýilnamasyna girdi. Bäsleşikden başga-da, myhmanlara teatr çykyşlary we Bet Gibbonsyň (Portishead), Sýuko Uoterhausyň, Japanese Breakfast-yň, Marlon Uilýamsyň konsertleri garaşýar.
Festiwala ýolbaşçylyk edijileriň biri Hanna Foks Tokiodaky bäsleşige tomaşa edendigini we “jemgyýetçilik çykyşynyň bu görnüşine haýran galandygyny” aýdýar.
“Muňa Olimpiýa ýaryşy ýaly çynlakaý çemeleşdiler. Ýaryş, köplenç, sungat bilen birlikde dartgynly işde işleýän suratkeşleriň çydamlylyk temasy bilen baglanyşykly. Bu çynlakaý, ýöne şol bir wagtyň özünde-de düýbünden manysyz – kim hiç zat etmezligi hemmeden gowy başarar?” – diýip, ol teswir berýär.