Awstraliýanyň awiakompaniýasy dünýäde iň uzak aralygyna howa gatnawyny ýola goýar

  • 28.03.2025 06:42
  • 10k+

Awstraliýanyň «Qantas» awiakompaniýasy 2027-nji ýylyň başynda Sidneý — London we Sidneý — Nýu-Ýork ugurlary boýunça arakesmesiz howa gatnawlaryny ýola goýar. Bu uçuşlar dünýädäki iň uzak aralyklara dowamly amala aşyrylýan täjirçilik gatnawlary bolar we azyndan 19 sagat dowam eder. Bu barada awiakompaniýanyň baş direktory Wanessa Hadson «Financial Times» neşirine beren interwýusynda mälim etdi.

Häzirki wagtda dünýäniň iň uzak aralygyna howa gatnawy «Singapore Airlines» awiakompaniýasy tarapyndan ýerine ýetirilýär. Ol Nýu-Ýork — Singapur ugry boýunça gatnawlary amala aşyrýar. Bu uçuşlar 18 sagat 40 minut dowam edýär, geçilýän aralyk bolsa – 13 müň 320 km. Awstraliýanyň «Qantas» awiakompaniýasy hem, aslynda, iň uzak aralyklara uçuşlary amala aşyrýanlaryň ilkinji üçlügine girýär. Häzirki wagtda awiakompaniýa London — Pert ugry boýunça gatnawlary amala aşyrýar. Bu uçuşlar bolsa, 16 sagat 30 minut dowam edip, 12 müň 600 km ýol geçilýär.
Wanessa Hadson beýle uzak aralyga howa gatnawynyň näme üçin ýola goýulýandygyny düşündirdi. Onuň aýtmagyna görä, «Qantas» awiakompaniýasy 2018-nji ýylda London — Pert ugry boýunça howa gatnawlaryny açanda, bu ugra ýolagçylaryň islegi örän ýokary bolupdyr. Şeýlelikde, awiakompaniýa Sidneý bilen Londonyň arasynda-da şeýle uzak uçuşlary ýola goýmagyň maksadalaýykdygyna göz ýetiripdir.
Täze howa gatnawlary üçin «Airbus 350-1000» kysymly uçarlar ulanylar. Bu uçarlaryň ilkinji tapgyry awiakompaniýa şu ýylyň ahyrynda gowşurylar. Aslynda «Qantas» bu uçarlary 2022-nji ýylda sargyt edipdir we Londona uçuşlary 2025-nji ýylda başlatmagy meýilleşdiripdir. Emma düzgünleşdiriji edaralar uçarlary öndürýän «Airbus» korporasiýasyna uzak uçuşlar üçin niýetlenen goşmaça ýangyç baklaryna käbir üýtgetmeleri girizmegi tabşyransoň, meýilnamalar biraz gijä galypdyr.


düýn 23:58
1.8k+

Hindistan ýoň bolan elektron wiza bilen ýurda girmegiň san çäklendirmesini ýatyrdy

Hindistan 30 günlük syýahatçylyk elektron wizasy bilen ýurda girmegiň sanyna goýlan çäklendirmäni ýatyrdy. Indi şeýle wizanyň eýeleri onuň möhletiniň dowamynda ýurda isledikleriçe gelip bilýärler....

16.06.2026 23:15
3.6k+

Pariziň iň köne köprüsini uly gowaga öwürdiler: indi ol köpçülik üçin açyk

Fransuz suratkeşi JR Pariziň iň köne köprüsini uly göwrümli çeperçilik giňişligine öwüren «Pon-Nýof gowagy» atly gurnamasyny köpçülik üçin açdy. Bu desgany görmek mugtdyr we ol 28-nji iýuna çenli dowam eder....

10.06.2026 16:40
3.1k+

​Ýewropanyň köne zawod-fabrikleri syýahatçylyk desgalaryna öwrüler: jahankeşdeligiň täze ugry

Ýewropanyň alty döwletiniň alty sany sebiti birleşip, senagat syýahatçylygyny ösdürmäge we senagat zolaklarynyň taryhy bilen baglanyşykly akylly-başly syýahatlary öňe sürmäge gönükdirilen «IndusTour»......

10.06.2026 12:20
10k+

Gazagystanda 105 ýurduň raýatlary üçin ýurda girmek ýeňilleşdirildi

Indi 105 ýurduň raýatlary Gazagystana girmek üçin ilçihana barmazdan elektron wiza resmileşdirip bilýärler. Bu barada Orda.kz neşiri ýurduň Içeri işler ministri Jeržan Sadenowyň sözlerine salgylanyp habar......