Aşgabatda okuwçylaryň arasynda «Gül-gunçaly Diýarym» atly çeper-döredijilik bäsleşiginiň geçiriler

  • 16.03.2025 15:23
  • 2.9k+

Aşgabat şäheriniň umumybilim berýän orta mekdepleriniň ýokary synp okuwçylarynyň arasynda «Gül-gunçaly Diýarym» atly çeper-döredijilik bäsleşigi geçirilýär. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrligi habar berýär.

Bäsleşigi S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Ýaş alymlar Geňeşi, «Ýaş agroekolog», «Ýaş agrohimik», «Ussat agronom» ylmy gurnaklary guraýar.
Bäsleşik ýokarda ady agzalan uniwersitetde 2025-nji ýylyň 19-njy martynda sagat 10:00-da geçiriler. Çeper-döredijilik bäsleşigiň guramaçylyk topary her mekdepden düzüminde 3 sany okuwçy bolan bir toparyň gatnaşyp biljekdigini habar berýär. Oňa gatnaşmak üçin hasaba alnyşyk 2025-nji ýylyň 17-nji martyna sagat 19:00-a çenli dowam eder.
Bäsleşigiň birinji şerti boýunça okuwçylar 5 minudyň dowamynda ýurdumyzyň gözel tebigatyny, onuň milli baýlyklaryny, haýwanat we ösümlik dünýäsini gorap saklamak hem-de olardan rejeli peýdalanmak barada düşünjelerini (goşgy ýa-da söz bilen) çeper beýan etmeli bolarlar.
Şeýle-de, bäsleşige gatnaşýan toparlar 2-nji şertiň düzgünine laýyklykda ýurdumyzda ösýän ösümlikleriň tohumlaryndan tebigatyň gözel keşbini ýa-da gülleriň şekillerini mozaika görnüşinde ýasap, A3 format ölçegdäki ak kagyzyň ýüzünde ýerleşdirilmeli. Bäsleşigiň bu şerti üçin bolsa, 30 minut wagt berilýär. (Gatnaşjak toparlar ulanjak esbaplaryny öz ýanlary bilen alyp gelmeli).
Toparlar bäsleşigiň düzgünleri boýunça berlen ballar arkaly bahalandyrylar. Eminleriň çykaran netijeleri esasynda 2025-nji ýylyň 19-njy martynda bäsleşigiň jemi jemlenilip, ýeňijiler yglan ediler. Ýeňijiler I, II, III derejeli diplomlar we uniwersitetiň rektorlygy tarapyndan sowgatlar bilen sylaglanarlar.

Habarlaşmak üçin: +99364787503; +99365131712; atabalowalale001@gmail.com


19.06.2026 18:41
2.9k+

Türkmenistanyň bilim ministri Sankt-Peterburgda geçirilen maslahatda çykyş etdi

Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 18-nji iýunda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we kreatiw hem-de döredijilik......

19.06.2026 11:24
4.9k+

Daniýar Emirkulyýew Türkmenistanda «Ýylyň talyby» boldy

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň Halkara ykdysadyýet we menejment fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Daniýar Emirkulyýew Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen......

16.06.2026 14:46
4.2k+

HHR-iň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň ýokary okuw mekdeplerinde okamak üçin resminamalar kabul edilýär

Türkmenistanyň Bilim ministrligi 2026/2027-nji okuw ýyly üçin Hytaý Halk Respublikasynyň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň ýokary okuw mekdeplerine ýokary hünär bilimi (bakalawr) maksatnamasy boýunça seçip alyş......

16.06.2026 08:05
4.5k+

Türkmen talyplary «Lomonosow–2026» Uniwersiadasynda 11 baýrakly orny eýeledi

Türkmen ýokary okuw mekdepleriniň talyplary M.W.Lomonosow adyndaky Moskwa Döwlet uniwersiteti tarapyndan guralan lingwistika, sebitleri öwreniş we medeniýetleri öwreniş boýunça «Lomonosow – 2026»......