Okuwçylaryň arasynda “Altyn asyryň altyn zehinleri” ders bäsleşikleriniň ýeňijileri yglan edildi

  • 16.03.2025 15:10
  • 5.5k+

12-13-nji martda 11-12-nji synp mekdep okuwçylaryň arasynda geçirilýän “Altyn asyryň altyn zehinleri” atly ders bäsleşikleriniň döwlet tapgyry geçirildi. Bäsleşigiň netijeleri baradaky maglumatlar Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň web sahypasynda ýerleşdirildi.

Döwlet tapgyry Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň binýadynda geçirildi. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde astronomiýa, geografiýa (jemi 102 okuwçy ganaşdy), Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener tehnologiýalar uniwersitetinde himiýa, fizika, biologiýa (276), Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda matematika, informatika (184), Türkmen oba hojalyk institutynda taryh (53), Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda rus dili (92), Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebinde türkmen dili we edebiýat (51), Hydyr Derýaýew adyndaky Mugallymçylyk mekdebinde iňlis dili (53) okuw derslerinden geçirildi.
Zehin bäsleşigiň döwlet tapgyryna Aşgabat, Arkadag şäher hem-de welaýat tapgyrlarynda ýeňiji bolan okuwçylar, şeýle-de 2023-2024-nji okuw ýylynda bäsleşigiň döwlet tapgyrynda 1-nji, 2-nji derejeli diplomlar bilen sylaglanan 811 okuwçy gatnaşdy.


19.06.2026 18:41
2.8k+

Türkmenistanyň bilim ministri Sankt-Peterburgda geçirilen maslahatda çykyş etdi

Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 18-nji iýunda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we kreatiw hem-de döredijilik......

19.06.2026 11:24
4.9k+

Daniýar Emirkulyýew Türkmenistanda «Ýylyň talyby» boldy

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň Halkara ykdysadyýet we menejment fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Daniýar Emirkulyýew Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen......

16.06.2026 14:46
4.2k+

HHR-iň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň ýokary okuw mekdeplerinde okamak üçin resminamalar kabul edilýär

Türkmenistanyň Bilim ministrligi 2026/2027-nji okuw ýyly üçin Hytaý Halk Respublikasynyň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň ýokary okuw mekdeplerine ýokary hünär bilimi (bakalawr) maksatnamasy boýunça seçip alyş......

16.06.2026 08:05
4.5k+

Türkmen talyplary «Lomonosow–2026» Uniwersiadasynda 11 baýrakly orny eýeledi

Türkmen ýokary okuw mekdepleriniň talyplary M.W.Lomonosow adyndaky Moskwa Döwlet uniwersiteti tarapyndan guralan lingwistika, sebitleri öwreniş we medeniýetleri öwreniş boýunça «Lomonosow – 2026»......