Hytaýyň adam şekilli roboty welosiped sürmegi öwrendi

  • 16.03.2025 13:35
  • 5.4k+

AgiBot hytaý tehnologik kompaniýasy täze nesil adam şekilli (gumanoid) roboty bolan Lingxi X2-ni tanyşdyrdy. Sensorlaryň we algoritmleriň utgaşdyrylmagy netijesinde, ol diňe bir ylgamak, basgançaklardan çykmak we düşmek bilen çäklenmän, eýsem welosiped sürmegi hem başarýar diýip, «Interesting Engineering» neşiri habar berýär.

Lingxi X2 emeli aňyň we robotehnikanyň iň täze tehnologiýalaryny özünde jemleýär. Şonuň netijesinde, ol zatlary elinde ygtybarly tutmak, bankalaryň gapaklaryny açmak, dermanlaryň görkezmesini okamak ýaly çylşyrymly işleri ýerine ýetirip bilýär.
Bu robot daşky gurşaw bilen täsirleşmek üçin multimodally modelden peýdalanýar, ol adamyň ýüzündäki mimikalara we sesdäki äheňlere reaksiýa berip bilýär. Munuň netijesinde, ol adamlaryň emosional ýagdaýyny kesgitläp, oňa laýyk jogap bermegi başarýar.
Lingxi X2-niň beýikligi 130 santimetr, agramy bolsa 33,8 kilogram.


düýn 23:26
1.3k+

Meta ilkinji gezek öz brendi bilen «akylly» äýnekleri hödürledi

Meta kompaniýasy EssilorLuxottica (Ray-Ban, Oakley we beýleki brendleriň eýesi) bilen bilelikde döreden Meta Glasses «akylly» äýneklerini görkezdi. «Bloomberg» agentliginiň bellemegine görä, kompaniýa şeýle......

23.06.2026 18:51
5.2k+

Täze Honor X80 Pro Max smartfony çykyp-çykmanka Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Honor kompaniýasy sygymy 11 000 mA/sag bolan akkumulýator bilen üpjün edilen X80 Pro Max smartfonyny resmi taýdan hödürledi. Şeýle uly göwrümli batareýasy sebäpli, gurluş entek çykyp ýetişmänkä «smartfonyň......

21.06.2026 16:10
3.7k+

ABŞ-a we Hytaýa jogap: ÝB 400 mlrd parametrli özbaşdak EA dil modeliniň döredilmegini maliýeleşdirer

Ýewrokomissiýa fewral aýynda badalga berlen «Frontier AI Grand Challenge» bäsleşiginiň jemlerini yglan etdi. Italiýanyň Domyn IT-kompaniýasynyň ýolbaş-çylygyndaky «Europa» konsorsiumy bu bäsleşigiň ýeňijisi......

20.06.2026 09:37
2.1k+

99,9% takyklyk: «Helios» kwant kompýuteri täze dünýä rekordyny goýdy

Sandia kompaniýasynyň amerikan hünärmenleri 98 kwbitlik täze «Helios» kwant kompýuterini görkezdiler. Enjam bazarda elýeterli bolan ähli täjirçilik gurluşlarynyň arasynda hasaplamalaryň takyklygy boýunça......