Sony geljekki telewizorlary üçin RGB LED tehnologiýasyny tanyşdyrdy

  • 16.03.2025 13:23
  • 2.3k+

Sony kompaniýasy mini-LED we OLED tehnologiýalarynyň iň gowy aýratynlyklaryny özünde jemleýän täze yşyklandyryş ulgamyny – General RGB LED Backlight tehnologiýasyny tanyşdyrdy diýip, «The Verge» neşiri habar berýär.

General RGB LED Backlight tehnologiýasynyň esasynda aýratyn gyzyl, ýaşyl we gök (RGB) LED-ler ulanylýar we olar goşmaça reňk süzgüçlerinden geçmän, gönüden-göni LCD paneliň piksellerini ýagtylandyrýar.
Täze yşyklandyryş ulgamy aşakdaky artykmaçlyklary hödürleýär:

  • 4000 kd/m² çenli iň ýokary ýagtylyk derejesi, bu mini-LED ekranlardan iki esse diýen ýaly ýokarydyr;
  • 99% DCI-P3 we 90% BT.2020 reňk giňişligini öz içine alýar;
  • 66-bit dolandyryş ulgamy, ýagtylygyň we reňkleriň has takyk sazlanmagyny üpjün edýär;
  • adaty QLED-lere garanyňda 4 esse köp reňk göwrümi, has gowy kontrastdaky we has doýgun gara reňkleri görkezip bilýär;
  • görüş burçuny giňeldýär, ýagny islendik burçdan seredilende-de reňkleriň ýoýulmagyny azaldýar;
  • 100 dýuýmdan hem uly ekranlary has elýeterli bahadan öndürmäge mümkinçilik döredýär.

Sony täze tehnologiýasyny Tokiodaky ýapyk tanyşdyrylyş dabarasynda Bravia 9 flagman telewizory bilen deňeşdirdi. Žurnalistleriň bellemegine görä, RGB LED-iň prototipi has ýokary reňk doýgunlygyny, kontrasty we şekil hilini üpjün edipdir. Şeýle-de onuň ekrany şöhlelenmä garşy täsirli örtük (anti-reflective screen) bilen enjamlaşdyrylan eken.
Şeýle-de bolsa, RGB LED düşünjesiniň täze däldigini bellemek gerek. Sony kompaniýasy 2004-nji ýylda-da RGB LED-li LCD telewizorlary işläp taýýarlapdy. Samsung we TCL kompaniýalary hem «CES 2025» sergisinde RGB yşyklandyryşly mini-LED telewizorlarynyň prototiplerini görkezipdiler. Şeýle-de Hisense kompaniýasy-da şu ýylyň ahyrynda satuwa çykarylmagy meýilleşdirilýän «hakyky RGB modelini» tanyşdyrypdy.
Sony telewizorlaryň we displeýleriň köpçülikleýin önümçiligine 2025-nji ýylda başlamagy meýilleşdirýändiklerini aýtdy. Şol bir wagtyň özünde, tanyşdyrylyş dabarasynda žurnalistlere munuň «2026-njy ýylyň tehnologiýasydygy» aýdylansoň, täze tehnologiýa esaslanýan önümleriň bazarda 2027-nji ýylda elýeterli bolup biljekdigi hem çaklanylýar.


düýn 09:37
1.6k+

99,9% takyklyk: «Helios» kwant kompýuteri täze dünýä rekordyny goýdy

Sandia kompaniýasynyň amerikan hünärmenleri 98 kwbitlik täze «Helios» kwant kompýuterini görkezdiler. Enjam bazarda elýeterli bolan ähli täjirçilik gurluşlarynyň arasynda hasaplamalaryň takyklygy boýunça......

19.06.2026 22:31
5.2k+

Gobi çölünde 45°C yssyda 17 sagat: Honor X80 Pro Max üýtgeşik synagdan geçirildi

Resmi premýeranyň öň ýanynda täze Honor X80 Pro Max smartfony çydamlylyk boýunça üýtgeşik synagdan geçirildi. Synaglary Gobi çölüniň töwereginde işleýän kosmos pudagynyň inženerleri geçirdi....

19.06.2026 18:36
876

ABŞ-nyň hökümeti Anthropic-iň iki EA modeliniň işini gadagan etdi

Anthropic kompaniýasy ABŞ-nyň häkimiýetlerinden daşary ýurt raýatlarynyň bu ulgamlary ulanmagyny çäklendirýän görkezmäni alandan soň, Fable 5 we Mythos 5 modellerine elýeterliligi bes edendigini habar berdi....

17.06.2026 11:15
2.6k+

Xiaomi «Madrid» diýen wagtlaýyn at bilen täze telefon çykarmaga taýýarlanýar

Xiaomi kompaniýasynyň «Madrid» diýen gizlin atly täze smartfony ilkinji gezek halkara ykjam enjamlaryň (GSMA IMEI) maglumatlar gorunda peýda boldy. Bu ýagdaý täze telefonuň tiz wagtda satuwa çykaryljakdygynyň......