Toyota Hytaýyň ulag bazarynda öňdebaryjylaryň üçlüginden çykdy

  • 16.03.2025 13:08
  • 4.9k+

Fewral aýynda Toyota hytaý bazarynda öňdebaryjylaryň üçlügine girip bilmedi. Alyjylary ýerli awtoöndürijiler özüne çekip başlady.

Şeýlelikde, Hytaýda BYD lider bolmagynda galýar – kompaniýa 192 101 ulag satdy. Ikinji orunda 123 823 satylan ulag bilen Volkswagen ýerleşýär. Geely kompaniýasy 119 366 ulag bilen üçünji orny eýeledi.
Toyota 82 274 ulag satyp, bularyň yzyndan ýerleşdi. Onuň ýakyn bäsdeşi SAIC Motor, General Motors we Liuzhou Wuling Motors-yň bilelikdäki kärhanasy Wuling boldy – brend 64 999 ulag satdy.
Geely Hytaýda satuw boýunça eýýäm ikinji aý Toyota-dan öňe geçýär, bu bolsa ýapon brendi üçin howsalaly alamat bolup biler.


şu gün 11:32
340

Hytaýda ýygnalan iň ygtybarly ulaglar kesgitlenildi: RAV4, Golf we Coolray

«J.D. Power» agentliginiň hytaý şahamçasy HHR-iň zawodlarynda ýygnalýan benzinli awtoulaglaryň hiliniň täze reýtingini taýýarlady....

düýn 21:54
2.7k+

Toyota kompaniýasy Crown hatarynyň üç modeliniň täzelenen görnüşini taýýarlaýar

Toyota kompaniýasy Ýaponiýanyň bazary üçin Crown Crossover, Crown Sport we Crown Sedan modelleriniň täzelenen görnüşlerini taýýarlaýar. «Creative Trend» neşiriniň berýän maglumatlaryna görä, restaýling edilen......

24.06.2026 14:05
5.1k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

24.06.2026 08:16
3.2k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......