Louis Vuitton 80-nji ýyllaryň äheňindäki 2025-nji ýylyň güýz-gyş kolleksiýasyny hödürledi

  • 16.03.2025 12:26
  • 3k+

Louis Vuitton 2025-nji ýylyň güýz-gyş kolleksiýasyny hödürledi. Kreatiw direktor Nikolýa Žeskýer bu kolleksiýany syýahatlardan we 80-nji ýyllaryň ruhundan ylham alyp taýýarlady diýip, «Elle» habar berýär.

Modeller podiumda futurizmiň we klassykanyň utgaşmasyny görkezdi: aç-açan doždewikler, deri kargo-bermuda şortikler, gymmatbahaly daşlar bilen bezelen mahmal köýnekler. Toplar we köýnekler hrustal detallar bilen bezelen. Uly penjekler, giň sumkalar, golflar (dyzdan geçýän joraplar) we açyk reňkli baş geýimleri bilen jemlendi.
Soňky çykyşda modeller penjireleriň fonunda durdular, bu bolsa Ormond Žiguliniň 1960-njy ýylda düşüren «Penjirelerdäki gyzlar» (Девушки в окнах) atly suratyna salgylanma boldy.

«Men ilki umumy bir zat hakda pikir etdim, ýagny wokzalyň platformasy. Bärde adamlar duşuşýar we hoşlaşýar, bile bolanyna begenýär ýa-da aýrylanlaryna gynanýar. Bir gezek görseňem nazary bilen size täsir edip biljek adamlar» — diýip, Žeskýer düşündirdi.

Şou L’Étoile du Nord binasynda geçirildi – ýakyn wagtda täzeden dikeldilen bu bina ozal demir ýol kompaniýasynyň baş edarasy bolan eken.
Kolleksiýa taýýarlanylmazdan ozal, Žeskýer öz topary bilen demir ýollara bagyşlanan kinofilmler barada maslahatlaşypdyr. Onuň iň halaýanlarynyň arasynda Wong Karwaýyň «2046» we Maýkl Kýortisiň «Kasablanka» filmleri bar eken. Ýaş kärdeşleri bolsa «Açlyk oýunlaryny» (Голодные игры) we «Garri Potter» filmlerini agzap geçipdirler.
Täze kolleksiýa rahat jalbarlary, funksional şortikleri, eplenip duran ýakaly parkalary, mahmal halat-paltolary, garyşyk stiller bilen döredilen daşky eşikleri we üýtgeşik sumkalary öz içine alýar. Mundan başga-da, kosmos gämileriniň şekilleri bilen bezelen kostýumlar we «Space Age» stilindäki botilýonlar hödürlendi.


04.07.2025 18:53
5k+

Louis Vuitton 10 müň dollara halas ediş halkasynyň şekilinde ýantorba çykardy

Louis Vuitton fransuz moda öýi halas ediş halkasynyň şekilinde üýtgeşik ýantorba hödürledi. Onuň bahasy 10 müň dollara barabar. Aksessuar wintaž stilindäki ýazgy bilen brendiň nusgawy reňkinde ýerine ýetirildi, bu hem ony tomusky obraz üçin tüýs laýyk edýär...

02.07.2025 11:27
7.1k+

Louis Vuitton Şanhaýda kruiz gämisiniň şekilinde dükan açdy

Şanhaýyň işewürlik merkezinde The Louis ady bilen Louis Vuitton-yň binasy açyldy. Ol kruiz gämisiniň şekilinde gurlup, şäheriň merkezi köçeleriniň biriniň gapdalynda ýerleşdi. Onuň içinde brendiň dükany, Le Café Louis Vuitton kafesi we Visionary Journeys sergi zaly bar...

24.06.2025 12:03
2.2k+

LVMH "Cannes Lions 2025" mahabat festiwalynyň Gran-Prisini aldy

LVMH konglomeraty Pariždäki Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlaryna bagyşlanan kampaniýa üçin Cannes Lions 2025  mahabat festiwalynda Luxury and Lifestyle  (öňki Luxury Lion) kategoriýasynda Gran-Pri aldy. Bu barada WWD neşiri habar berýär...

17.06.2025 10:37
7.6k+

Luis Vuitton “Realyň” resmi hyzmatdaşy boldy

Luis Vuitton Madridiň “Realynyň” sport toparlarynyň resmi hyzmatdaşy boldy. Fransuz modalar öýi erkekler we aýallar futbol toparlary, şeýle hem "patyşalyk klubunyň" erkekler basketbol topary üçin oýundan daşgary geýilýän eşikleri döreder...