Tesla 2026-njy ýylda sürüjisiz Cybercab ulaglarynyň önümçiligine başlar

  • 16.03.2025 11:56
  • 6.3k+

Tesla-nyň ýolbaşçysy Ilon Mask Cybercab sürüjisiz ulaglarynyň önümçiliginiň 2026-njy ýylda Tehasda başlajakdygyny habar berdi.

“Cybercab-yň önümçiligi geljek ýyl Tehasda başlar, awtomobiliň ruly we pedallary bolmaz, ol ýa-ha özi hereket eder, ýa-da asla hereket etmez” – diýip, Mask Ak tamda žurnalistlere aýtdy.

Şeýle-de, Mask Prezident Donald Trampyň beýleki ýurtlardan önümçilik kuwwatyny Amerikanyň çägine geçirmek syýasatyny goldamagyň çäklerinde ABŞ-da awtomobil önümçiligini iki esse artdyrmaga wada berdi.
Bu meýilnama Cybercab-yň önümçiligi bilen hem baglanyşyklydyr, onuň möçberi her ýyl 2 mln ulaga ýetip biler. Häzir Fremontdaky zawod 650 müň ulag, Tehasdaky Gigafactory bolsa 375 müň ulag çykarýar. Kompaniýa ösüş üçin Tehasdaky kuwwatyny artdyrar.
Donald Tramp hem, öz gezeginde, gyzyl Tesla Model S satyn almak bilen Masky goldady.

“Birinjiden, bu örän gowy ulag – hemmesinden gowusy. Ikinjiden, sebäbi Ilon Mask muňa öz güýjüni we ömrüni bagyş etdi, meniň pikirimçe, onuň bilen adalatsyz çemeleşdiler” – diýip, Tramp satyn alyş wagty Maskyň gapdalynda durup aýtdy.

“Adalatsyz” diýmek bilen, Tramp ýakynda bolan Tesla Takedown atly nägilelikleri we kompaniýanyň paýnamalarynyň bahasynyň pese gaçmagyny göz öňünde tutdy diýip, Reuters ýazýar. Maskyň federeal wezipelerde köpçülikleýin işden çykarmalara gatnaşmagy Tesla garşy nägileligiň döremegine getirdi. Mask Trampyň administrasiýasynda Hökümet netijeliliginiň departamentine (DOGE) ýolbaşçylyk edýär.

Tesla-nyň bazar bahasy 17-nji dekabrda rekord 1,5 trln dollara ýeteninden bäri iki esseden gowrak peseldi. Paýnamalaryň pese gaçmagy bolsa Tesla-nyň satuwynyň we girdejisiniň azalmagy, Maskyň syýasy işjeňligine garşy nägilelikler we maýadarlaryň syýasat sebäpli Maskyň girdeji getirýän esasy işinden daşlaşmagy baradaky aladalary bilen baglanyşyklydyr.


13.06.2026 12:31
2.5k+

Ferrari sport awtoulaglary üçin "dem alýan" wodorod bakyny patentledi

Ferrari ABŞ-da sport awtoulaglary üçin çeýe wodorod baky üçin patent hasaba aldy. Konstruksiýa ýangyç guýulýan we sarp edilýän wagty basyşa baglylykda rezerwuaryň görnüşini we göwrümini üýtgetmegi göz öňünde......

05.06.2026 15:49
4.6k+

Ford howpsuzlyk kemerindäki näsazlyk sebäpli 420 müňe golaý ulagy yzyna çagyrýar

Ford Motor kompaniýasy howpsuzlyk kemerinde ýol-ulag heläkçiliginde şikes almak howpuny ýokarlandyryp biljek kemçilik sebäpli ABŞ-da 419 967 ulagy yzyna çagyrýandygyny yglan etdi....

04.06.2026 19:03
9k+

Ferrari heläkçilikden bir sekunt öň tekerleri gyssagly aýyrmak ulgamyny patentledi

Ferrari kompaniýasy ABŞ-da gyýa öň tarapdan bolan çaknyşyklar wagtynda öňki tekerleri gözegçilik astynda aýyrmak tehnologiýasy üçin patent aldy. Bu oýlap tapyş sürüjiniň we öňdäki ýolagçynyň aýak zolagynda......

02.06.2026 12:41
3.4k+

Hyundai gyzmak howpy sebäpli 54 müňden gowrak Elantra Hybrid ulagyny yzyna çagyrýar

Hyundai kompaniýasy gibrid güýç gurluşyny dolandyryş ulgamyndaky mümkin bolan mesele sebäpli ABŞ-da 2024–2026-njy ýyl modellerine degişli 54 337 sany Elantra Hybrid gibrid sedanlaryny yzyna çagyrýandygyny......