Bernar Arnonyň ogly Loro Piana italýan brendiniň ýolbaşçysy boldy

  • 15.03.2025 12:18
  • 7.1k+

Frederik Arno Loro Piana-nyň baş müdiri wezipesine bellendi. Bu barada «Vogue Business» neşiri habar berýär.

Loro Piana – LVMH konglomeratyna degişli, ýüň we kaşmirden tikilýän lýuks egin-eşikleri öndürýän italýan brendidir. Mundan ozal kompaniýanyň ýolbaşçysy Damýen Bertran bolupdy, ol indi Louis Vuitton-yň baş müdiriniň orunbasary wezipesine geçýär. Geçiş döwründe Frederik Arno onuň bilen bile işleşer.
Häzirki wagtda Bernar Arnonyň üçünji ogly LVMH-iň sagat bölümini dolandyryp, Tag Heuer, Hublot we Zenith brendlerine gözegçilik edýär. «Vogue Business» neşiriniň bellemegine görä, onuň täze wezipesi «berk lýuks» harytlaryndan (sagatlardan, şaý-seplerden) LVMH-iň esasy ugry bolan moda dünýäsine geçişini aňladýar.
Holdingiň içinde başga-da kadr üýtgeşmeleri boldy: Fendi brendiniň ýolbaşçysy Pýer-Emmanuel Anželoglu Dior-a geçer we baş müdiriň orunbasary wezipesini eýelär.
Arnonyň maşgalasynyň beýleki agzalary hem LVMH-de ýokary wezipeleri eýeleýärler. Delfina Arno Christian Dior Couture-yň ýolbaşçysy, Antuan Arno Loro Piana-nyň aragatnaşyk we direktorlar geňeşine gözegçilik edýär, Aleksandr Arno çakyr bölümini dolandyrýar, Žak Arno bolsa Louis Vuitton-yň sagat bölümine jogapkär.


25.02.2026 08:47
2k+

El hünäri il gezer: Loewe lýuks moda öýi 5100 senetçiniň içinden iň ussatlaryny saýlaýar

Ispaniýanyň Loewe lýuks moda öýi häzirkizaman senetçiligi ugrunda berilýän Loewe Craft Prize baýragynyň final tapgyryna çykan dalaşgärleriň adyny yglan etdi. Dünýäniň 133 ýurdundan we sebitinden gelip gowşan 5 100-den gowrak dalaşgäriň arasyndan 19 döwlete we sebite wekilçilik edýän iň ökde 30 senetkär saýlanyp alyndy...

13.02.2026 16:17
2.3k+

Hermès geçen çärýekde satuwy €4,09 milliarda ýetirdi. Esasy haryt – ýantorbalar

Hermès kompaniýasy 2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde satuwyň 9,8% artandygyny habar berdi. Brend synçylaryň çaklamalaryndan has ýokary görkezijileri gazanyp, 4,09 milliard ýewro girdeji aldy. Şol bir wagtda LVMH bary-ýogy 1% ösüş görkezdi, Kering kompaniýasy bolsa asla-da ýitgä sezewar boldy...

17.01.2026 15:54
3.7k+

LVMH-iň ýolbaşçysy Bernard Arno Fransiýanyň Ahlak we syýasy ylymlar akademiýasynyň agzasy boldy

LVMH imperiýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy we baş direktory Bernard Arno Fransiýa Institutynyň düzümine girýän Ahlak we syýasy ylymlar akademiýasynyň agzalygyna kabul edildi. Bu barada "WWD" neşiri habar berýär...

07.09.2025 15:56
4.4k+

Ýaponiýaly dizaýner Soşi Osuki LVMH Prize 2025 baýragyny aldy

Soshiotsuki brendini esaslandyryjy, ýaponiýaly dizaýner Soşi Osuki LVMH Prize-yň ýeňijisi boldy. WWD-iň habar bermegine görä, ol 400 müň ýewro we LVMH toparynyň bilermenlerinden bir ýyllyk halypalyk sapagyny alar...