Netflix Stiwen Kingiň “Kujosyny” ekranlaşdyrýar

  • 15.03.2025 06:56
  • 1.5k+

Netflix “elhençlikler şasy” eserine esaslanan täze filmiň üstünde işlemäge girişýär. Akym hyzmaty Stiwen Kingiň “Kujo” romanyny ekranlaşdyrýar.

Taslamanyň prodýuserligine Roý Li bellendi diýip, Deadline habar berýär.
“Kujo” guduz itden goranmak üçin awtoulagynda gulplanan bir aýal bilen ogly barada gürrüň berýär. Eser ilkinji gezek 1983-nji ýylda ekranlaşdyrylypdy. Film 6 million dollar (hümmetsizlenmäni hasaba almazdan) býujet bilen dünýä prokatynda 21 million dollar gazandy.
Ondan öň Kingiň eserleri esasynda “Şouşenkodan gaçyşlyk”, “Ýaşyl milýa”, “Ýalkym”, “Kerri”, “Ýanymda gal”, “Ol” we “Ylgap barýan adam” ýaly filmler surata düşürilipdi. Režissýor Edgar Raýt häzirki wagtda Kolman Domingonyň, Glen Pauelliň we Joş Broliniň baş keşpleri ýerine ýetirmeginde “Ylgap barýan adam” atly anti utopiýa boýewigini täzeden ekranlaşdyrmagyň üstünde işleýär. 1987-nji ýyldaky film uýgunlaşmasynda baş keşbi Arnold Şwarsenegger janlandyrypdy. Mundan başga-da, häzirki wagtda ýazyjynyň adybir hekaýasyna esaslanýan “Maýmyn” horrory bütin dünýäde görkezilýär.


düýn 22:06
407

83-nji Wenesiýa kinofestiwalynyň eminler düzümi yglan edildi

83-nji Wenesiýa halkara kinofestiwalynyň guramaçylary esasy bäsleşigiň eminler düzümini yglan etdi....

21.06.2026 10:41
1.8k+

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» premýeradan öňki kassa ýygymlary boýunça ýylyň rekordyny goýdy

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» animasiýa filmi premýeradan öňki görkezilişlerde kassa ýygymlary boýunça 2026-njy ýylyň iň gowy netijesini görkezdi. Bu animasion taslama 17,5 million dollar gazandy diýip, «Variety»......

19.06.2026 20:14
4.6k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

19.06.2026 11:08
3k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......