Donatella Wersaçe Versace-iň döredijilik direktory wezipesini terk edýär

  • 15.03.2025 06:42
  • 3.5k+

Donatella Wersaçe Versace-iň döredijilik müdiri wezipesinden çekilýär. Bu barada Italiýanyň moda öýi sosial ulgamlarda habar berdi.

Indi modelýer brendiň ilçisi bolar.

“Täze wezipesinde hanym Wersaçe özüni Versace-iň haýyr-sahawat başlangyçlaryny goldamaga bagyşlar” – diýlip, habarda aýdylýar.

Donatella wezipeden gidýändigi baradaky habary tassyklady.

“Brendiň baş ilçisi hökmünde täze wezipämde men Versace-iň iň höwesjeň tarapdary bolup galaryn. Versace meniň ganymda hem ýüregimde. Meniň üçin durmuşymda doganym Janniniň mirasyny dolandyrmak uly hormat boldy. Ol hakyky zehindi we men onuň ruhunyň hem tutanýerliliginiň bir bölegi maňa geçendir diýip umyt edýärin” – diýip, ol aýtdy.

Brendiň döredijilik direktory wezipesini 1-nji aprelden Dario Witale eýeleýär. Ol soňky 15 ýyl Miu Miu-da işledi.
Versace – italýan kompaniýasy bolup, egin-eşik, atyr, sagat, öý üçin harytlary, aksessuarlary we beýleki kaşaň predmetleri öndürýär. Moda öýi modelýer we dizaýner Janni Wersaçe tarapyndan 1978-nji ýylda döredildi. 1997-nji ýylda, Versace-iň esaslandyryjysy ýogalandan soň, moda öýüne Janniniň uýasy – Donatella Wersaçe ýolbaşçy boldy. Häzir kompaniýa Capri Holdings-iň düzümine girýär.

06.05.2026 18:18
4.3k+

«Moda edil sungat ýaly» mowzugy bilen geçen Met Gala 2026-da ýyldyzlar nähili geÿindi??

4-nji maýda Nýu-Ýorkda Met Gala dabarasy geçirildi. 2026-njy ýylda dabaranyň geýim medeniýeti (dress-code) «Moda — bu sungatdyr»  diýen kesgitleme boýunça geçdi....

05.05.2026 23:18
1.5k+

Armani/Casa Jorjo Armaniniň mirasyna bagyşlanan mebel kolleksiýasyny görkezdi

Armani/Casa studiýasy Milan dizaýn hepdeliginde täze mebel kolleksiýasyny görkezdi. Ekspozisiýa Origins diýip atlandyryldy we Jorjo Armaniniň mirasyna bagyşlandy....

25.04.2026 15:42
3.3k+

Chanel-den 4 million dollarlyk küşt toplumy

Ženewada geçirilen «Watches & Wonders 2026» sergisinde Chanel moda öýi özüniň «Coco Game» atly täsin küşt toplumyny görkezdi. Bu toplum, oýun esbaby däl-de, hakyt ajaýyp sungat eserine meňzeýär....

24.04.2026 16:14
2.4k+

Aktýor Pedro Paskal «Chanel» moda öýüniň täze ýüzi boldy

«The Last of Us» we «Narko» seriallary boýunça meöhur bolan aktýor Pedro Paskal «Chanel» moda öýüniň täze ýüzi boldy. Bu barada ol özüniň sosial ulgamlaryndaky sahypalarynda habar berdi....