Türkmenistan Milli bahar baýramy mynasybetli baýramçylyk çärelerine taýýarlyk görýär

  • 15.03.2025 05:59
  • 4.1k+

14-nji martda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Seýidowa Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni mynasybetli geçiriljek baýramçylyk çärelerine görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çägindäki “Nowruz ýaýlasynda” geçiriljek baýramçylyk dabarasy Türkmenistanyň Prezidentiniň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideriniň eserleriniň, Nowruz bilen bagly milli däp-dessurlaryň esasynda taýýarlanylan medeni-köpçülikleýin çäreler bilen badalga alar.
Şeýle-de bu ýerde dürli sergileri ýaýbaňlandyrmak, halkymyzyň ekerançylyk, maldarçylyk, bagbançylyk, senetçilik bilen bagly däp-dessurlaryny beýan edýän çykyşlary, aýdym-sazly dabaralary guramak meýilleşdirilýär.
Serdar Berdimuhamedow wise-premýere ýurdumyzyň welaýatlaryndaky «Türkmeniň ak öýi» binalarynyň öňündäki baýramçylyk meýdançalarynda Milli bahar baýramyna bagyşlanan çärelere gowy taýýarlyk görmegi hem-de olary ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.


düýn 22:11
1.1k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
6.1k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
3.8k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......

15.06.2026 21:13
4k+

Türkmenistanda A.S.Puşkiniň ertekilerinden el haly dokaldy

Türkmenistanyň «El Darak» haly kärhanasy Türkmen halysynyň milli muzeýi bilen hyzmatdaşlykda beýik rus şahyry Aleksandr Sergeýewiç Puşkiniň ertekileriniň esasynda özboluşly el halyny dokady. Bu taslama......