Gruziýaly dizaýner Demna Gwasaliýa Gucci-niň täze döredijilik müdiri boldy

  • 14.03.2025 23:45
  • 3.6k+

Gucci moda öýi Demna Gwasaliýany täze döredijilik direktory edip belledi. 43 ýaşly gruziýaly dizaýner işine iýul aýynyň başynda girişer diýip, kompaniýanyň sosial torlarynda habar berildi.

Vogue Business-iň maglumatlaryna görä, Gwasaliýa Balenciaga-da on ýyl işläninden soň, 6-njy iýulda ol ýerde soňky moda görkezilişini geçirer. Onuň ornuna kimiň bellenjekdigi bolsa soň yglan ediler.

«Men Gucci maşgalasyna goşulýandygym üçin diýseň begenýän. Çuňňur hormat goýýan we uzak wagt bäri haýran galyp synlap gelýän öýümiň ösüşine goşant goşmak meniň üçin uly mertebe» — diýip, neşir Gwasaliýanyň sözlerini ýetirýär.

Gucci-niň baş direktory Stefano Kantinonyň pikirine görä, Demna «brende üýtgeşik bir zatlar getirer».

«Onuň moda baradaky garaýşy örän täsin we bu hut Gucci-ä gerek zat» — diýip, Kantino belleýär we Gwasaliýany «öz nesliniň iň gowy döredijilik direktorlaryndan biri» hökmünde häsiýetlendirýär.

Gwasaliýa täze wezipesinde fewral aýynda Gucci-ni terk eden Sabato de Sarnonyň ornuna geçer. Döredijilik direktorynyň wezipesiniň boş döwründe, 2025-nji ýylyň güýz-gyş kolleksiýasyny brendiň öz dizaýn býurosy hödürledi.
Balenciaga-daky işinden daşary, Gruziýada doglan Gwasaliýa, Vetements brendiniň esaslandyryjylarynyň biri hökmünde hem tanalýar – Demna we onuň erkek dogany Guram bu brendi 2014-nji ýylda döredipdi. Örän özboluşly moda görkezilişleri we ýokary bahalary bilen tanalýan Vetements, gysga wagtda uly meşhurlyga eýe boldy. Hatda bary-ýogy bir ýyldan soň, käbir žurnallar ony «moda dünýäsindäki iň gyzykly waka» diýip hem atlandyrypdy.

05.06.2026 13:07
4.6k+

Aşgabatda halkara moda görkezilişi geçirildi

Aşgabatdaky «TurkmenTextile Expo — 2026» halkara sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde Fransiýa, Russiýa, Özbegistan, Marokko we Oman ýaly ýurtlardan belli moda öýleriniň hem-de ýerli meşhur brendleriň gatnaşmagynda......

01.06.2026 17:04
2.6k+

Robot MACH 33-den geýinýär: Seulda geçirilen moda görkezilişinde ynsanpisint robotlar podiuma çykdylar

Seulda geçirilen ýokary tehnologiýaly moda görkezilişinde adamlar we ynsanpisint robotlar meňzeş lybaslarda tirkeşip podiuma çykdylar....

20.05.2026 12:28
2k+

Calvin Klein «BTS-den» Çonguk bilen bilelikde kolleksiýa hödürledi

Calvin Klein markasy we «BTS» toparynyň agzasy Çonguk ilkinji bilelikdäki kolleksiýasyny taýýarlady diýip, «WWD» neşiri habar berýär....

12.05.2026 18:30
1.8k+

Dior Wenesiýadaky «Altyn öýi» dikeltmäge gatnaşýar

Dior moda öýi «Venetian Heritage» guramasy bilen bilelikde Wenesiýanyň binagärlik we medeni mirasyny gorap saklamaga gönükdirilen täze uly göwrümli taslama başlady....