Gucci moda öýi döredijilik müdiri bilen hoşlaşdy

  • 08.02.2025 18:27
  • 9.8k+

Sabato de Sarno Gucci moda öýüniň döredijilik müdiri wezipesini terk edýär. Ol bu wezipede bir ýyldan gowrak wagt işledi diýip, The New York Times neşiri ýazýar.

Gucci-niň baş müdiri Stefano Kantino bitiren işleri we brendiň ösüşine goşan goşandy üçin de Sarno minnetdarlyk bildirdi. Onuň ornuny eýelejek hünärmen gijräk belli bolar.
De Sarnonyň ýolbaşçylygynda döredilen soňky kolleksiýa (güýz-gyş 2025) 25-nji fewralda Milanyň moda hepdeliginde görkeziler. Gucci-de de Sarno erkekleriň we zenanlaryň eşiklerini döretmäge, şeýle-de aksessuarlaryň, deri önümleriniň we interýer predmetleriniň dizaýnyna jogapkärdi.
Habar Gucci-niň, şeýle-de Balenciaga, Saint Laurent we McQueen moda öýleriniň baş kompaniýasy Kering-iň 2024-nji ýyl üçin ýyllyk netijelerini yglan etmeginiň öňüsyrasynda peýda boldy. Oktýabr aýynda Kering kompaniýasy Gucci-niň satuwynyň 2024-nji ýylyň üçünji çärýeginde 26% pese gaçandygyny habar berdi, bu holdingiň moda öýleriniň arasynda iň ýaramaz netije we tutuş pudakda iň ýaramaz netijeleriň biri boldy. Ähtimal, ýyllyk görkezijiler hem şeýle depginde bolar.
De Sarno karýerasyna 2005-nji ýylda Prada-da başlady, soňra Dolce & Gabbana-da, 2009-njy ýyldan bolsa Valentino-da işledi.
Ol Gucci-niň döredijilik müdiriniň wezipesini 2023-nji ýylyň ýanwar aýynda eýeläp, Alessandro Mikeleniň ornuny çalyşdy. Gyzykly ýeri, Gucci-de 20 ýyl işlän Mikele 2024-nji ýylda Valentino-nyň döredijilik müdiri boldy.

şu gün 13:03
1.3k+

Taryhda ilkinji gezek 48 toparly Futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berilýär

Şu gije futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berler. Dabaraly açylyş oýun sagat 00:00-da başlap, “A”-toparçasyndan orun alan Meksika milli ýygyndysy bilen Günorta Afrika Resbuplikasynyň (GAR) ýygyndysynyň......

05.06.2026 13:07
4.6k+

Aşgabatda halkara moda görkezilişi geçirildi

Aşgabatdaky «TurkmenTextile Expo — 2026» halkara sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde Fransiýa, Russiýa, Özbegistan, Marokko we Oman ýaly ýurtlardan belli moda öýleriniň hem-de ýerli meşhur brendleriň gatnaşmagynda......

01.06.2026 17:04
2.6k+

Robot MACH 33-den geýinýär: Seulda geçirilen moda görkezilişinde ynsanpisint robotlar podiuma çykdylar

Seulda geçirilen ýokary tehnologiýaly moda görkezilişinde adamlar we ynsanpisint robotlar meňzeş lybaslarda tirkeşip podiuma çykdylar....

20.05.2026 12:28
2k+

Calvin Klein «BTS-den» Çonguk bilen bilelikde kolleksiýa hödürledi

Calvin Klein markasy we «BTS» toparynyň agzasy Çonguk ilkinji bilelikdäki kolleksiýasyny taýýarlady diýip, «WWD» neşiri habar berýär....