Lip-Bu Tan Intel-iň täze baş direktory boldy: ol kompaniýany halas etmeli

  • 14.03.2025 19:43
  • 2.8k+

Intel täze baş direktoryň bellenendigini habar berdi. Wezipäni asly malaýziýaly telekeçi 65 ýaşly Lip-Bu Tan eýelär. Ol Pet Gelsinger bu wezipeden gidenden üç aýdan soň wagtlaýyn ýolbaşçylary çalşyrar.

Mundan öň Tan 2009-njy ýyldan 2021-nji ýyl aralygynda Cadence kompaniýasyna ýolbaşçylyk etdi, 2022-nji ýyldan bäri bolsa Intel-iň müdirler geňeşiniň düzümine girýärdi.
Geçiş döwründe kompaniýany wagtlaýyn Dewid Zinsner we Mişel Holthaus dolandyrdy. Tan 18-nji martda täze wezipesine girişenden soň, Zinsner kompaniýada maliýa müdiri bolup galar, Holthaus bolsa Intel Products bölümçesinde işlemegini dowam etdirer.
Tanyň eýýäm müdirler geňeşiniň agzasyndan CEO wezipesine geçmekde tejribesi bar, çünki Cadence-de hem şeýle bolupdy. Onuň döwründe kompaniýanyň girdejisi iki esseden gowrak ýokarlandy. Indi Intel-de hem şeýle üstünlige garaşylýar.
Tanyň öňünde Intel-iň strategiýasyny kesgitlemek meselesi durýar: önümçiligi ösdürmek, kompaniýany bölmek ýa-da aktiwleriň bir bölegini satmak.
Soňky ýyllarda Intel uly çökgünlik bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Birwagtlar ýarymgeçirijileriň önümçiliginde öňdebaryjylaryň biri bolan kompaniýa 2024-nji ýylda ençeme gezek ýitgi barada habar berdi. Şeýle-de, ol 10 mlrd dollary tygşytlamak üçin işgärleriň 15%-ini işden çykarmak meýilnamalary barada habar berdi. Soňky bir ýylda kompaniýanyň paýnamalary 54% pese gaçdy.
Täze baş direktoryň bellenendigi baradaky habardan soň Intel-iň paýnamalarynyň bahasy tas 15% ýokarlandy. 


23.04.2026 03:54
2.4k+

Samsung-da 30 ýyllap işlän top-menejer Intel-de baş direktor boldy

Intel kompaniýasy Şon Hany «Foundry Services» bölümçesiniň uly wise-prezidenti we baş direktory wezipesine belledi. Şon Han ozal 30 ýyla golaý wagtlap Samsung-da işläp, «Samsung Semiconductor» bölümçesiniň uly......

13.04.2026 23:42
2.8k+

Intel we Ilon Mask «TeraFab» çiplerini öndürmek üçin birleşdiler

Intel korporasiýasy SpaceX, xAI we Tesla bilen bilelikde ägirt uly ýarymgeçiriji önümçiligini döretmek üçin TeraFab taslamasyna goşuldy. Bu taslama Ilon Maskyň kompaniýalaryny her ýyl 1 terawatt (TWt)......

01.11.2025 10:12
1.5k+

Intel iki ýylyň dowamynda 35 müňden gowrak işgärini işden boşatdy

Intel korporasiýasy täze baş direktor Lip-Bu Tanyň ýolbaşçylygynda ştaty optimizirlemek maksatnamasynyň çäklerinde soňky iki ýylyň dowamynda takmynan 35 500 işgärini işden boşatdy. Bu barada Tom’s Hardware portaly habar berýär...

21.08.2025 16:33
2.3k+

SoftBank $2 mlrd möçberde maýa goýum bilen Intel-i çökgünlikden “halas edýär”

Ýaponiýanyň SoftBank maliýe konglomeraty Intel amerikan mikroprosessor öndürijisine 2 mlrd dollar maýa goýýar. Bu barada The Wall Street Journal neşiri habar berýär. SoftBank kompaniýanyň altynjy uly paýdary boldy...