Saud Arabystany “emeli aň imperiýasyny” gurýar

  • 14.03.2025 14:52
  • 2.9k+

Saud Arabystany 2027-nji ýyla çenli maglumatlary gaýtadan işleýiş merkezleriniň çägini her ýyl 37% artdyrmagy meýilleşdirýär. Bloomberg agentliginiň Jones Lang LaSalle (JLL) kompaniýasynyň seljermesine salgylanyp habar bermegine görä, bu Dubaýyň we Abu-Dabiniň ösüş depgininden tas iki esse ýokary bolup, dünýä görkezijisinden 15% öňe geçýär.

Er-Riýad ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmagyň çäklerinde sebitiň tehnologiýa merkezine öwrülmek kararyna geldi.
Maglumat merkezlerine bolan isleg artýar: paýtagda täze pudaklar we ýüzlerçe halkara kompaniýalary ofis açýar. Microsoft, Amazon Web Services we Equinix eýýäm öz taslamalaryny meýilleşdirýär, Groq Inc. startapy bolsa EA merkezini döretmek üçin Aramco nebit kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk edýär. Maýa goýumlar salgyt ýeňillikleri we erkin ykdysady zolaklar bilen goldanýar.
Şeýle-de, patyşalyk 100 mlrd dollarlyk EA başlangyjyny taýýarlaýar, ýöne ABŞ-nyň mikroshema eksportyna girizýän çäklendirmeleri bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Bu häzirki wagtda maglumat merkezleriniň kuwwaty boýunça sebitde öňdebaryjy bolan BAE-e hem täsir edýär.
JLL analitikleri Ýakyn Gündogaryň maglumat merkezleriniň bazaryny 6 mlrd dollar bilen bahalandyrýar. 35 mln ilat we tehnologiýa uly maýa goýumlar bilen Saud Arabystany ýokary energiýa çykdajylaryna we çylşyrymly gurluşyklara garamazdan, öňdebaryjy bolmaga dalaş edýär.


30.05.2026 13:39
1.5k+

OpenAI emeli aňyň ykdysadyýete täsirini öwrenmek üçin 250 million dollar maýa goýar

OpenAI Foundation täjirçilik däl guramasy emeli aňyň ykdysadyýete täsirini öwrenmek üçin 250 million dollar maýa goýýandygyny yglan etdi....

29.05.2026 08:03
7.8k+

157 gatlyk Jeddah Tower diňiniň esasy polat binýadyny hytaýly inženerler gurar

Hytaýyň Jinggui International kompaniýasy Saud Arabystanyndaky Jeddah Tower diňiniň 120-nji gatdan ýokary böleginiň esasy polat gurluşyny gurmak boýunça şertnama aldy. Belentligi bir kilometrden geçjek......

26.02.2026 09:36
2.2k+

Citrini Research-iň emeli aň baradaky hasabaty ABŞ-nyň birža indekslerini sarsdyrdy

ABŞ-nyň gazna bazary hepdäniň başyny howsalaly görkezijiler bilen açdy. Geň tarapy, munuň sebäbi iri korporasiýalaryň maliýe hasabatlary ýa-da döwlet düzgünleşdirijileriniň kararlary däl-de, eýsem Citrini Research toparynyň emeli aň (EA) baradaky täze ylmy hasabaty boldy...

17.02.2026 19:35
2.9k+

Ýewroparlamentiň deputatlary iş planşetlerinde emeli aňsyz galdylar

Ýewropa parlamenti howpsuzlyk maksady bilen, deputatlaryň korporatiw planşetlerindäki emeli aň funksiýalaryny öçürdi. Bu barada Euractiv neşiri habar berýär. Şeýle karar kiberhowpsuzlyk we şahsy maglumatlary goramak boýunça hünärmenleriň maslahaty esasynda kabul edildi...