Türkmenistanly matematik talyplar Albaniýadan 26 medal alyp geldiler

  • 14.03.2025 12:01
  • 5k+

Ýur­du­my­zyň ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň ta­lyp­la­ryn­dan dü­zü­len we­kil­çi­lik­li to­par XIX Gü­nor­ta-Gün­do­gar Ýew­ro­pa ma­tema­ti­ka bäs­le­şi­ginde (SEE­MOUS-2025) üstünlikli çykyş edip, je­mi 26 me­dal ga­za­ndylar. Me­dal­la­ryň sa­ny bo­ýun­ça Türkmenistan gat­na­şy­jy ýurt­la­ryň ara­syn­da 2-nji or­ny eýe­le­di. Bu barada "Türkmenistan" gazetinde habar berilýär.

Ta­lyp­la­ry­ň ara­syn­da guralan hal­ka­ra ders olim­pia­da­sy­ 4 — 9-njy mart ara­ly­gyn­da Al­ba­ni­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň Kor­ça şä­herin­de ge­çi­ril­di.
Türkmen ta­lyp­la­ry şah­sy ha­sap­da 3 al­tyn, 10 kü­müş, 13 bü­rünç me­da­la my­na­syp bol­du­lar. Hal­ka­ra yn­san­per­wer ylym­la­ry we ösüş uni­wer­si­te­ti­niň 3-nji ýyl ta­ly­by Me­di­ne Ödä­ýe­wa bäs­le­şi­giň ýo­ka­ry sy­la­gy­ny — baş baý­ra­gy we al­tyn me­da­ly eýeledi. Ag­za­lan ýo­ka­ry okuw mek­de­bi­niň 2-nji ýyl ta­ly­by Nur­my­rat Ata­ýew we Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Türk­men döw­let uni­wer­si­te­ti­niň 3-nji ýyl ta­ly­by Emir Wel­le­kow hem bäs­le­şi­giň al­tyn me­dal­la­ry­na my­na­syp bo­lan iň ze­hin­li ýaş­la­ryň ha­ta­ryna girdi.
Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Türk­men döw­let uni­wer­si­te­ti­niň ta­lyp­la­ry Oraz­gu­ly Gy­ly­jow, Bal­kan Jep­ba­row, Ars­lan Ese­now, Hal­ka­ra yn­san­per­wer ylym­la­ry we ösüş uni­wer­si­te­ti­niň ta­lyp­la­ry Rah­met Pen­ji­ýew, Sol­tan­my­rat We­pa­ýew, Da­ni­ýar Emir­ku­ly­ýew, Ýag­şy­gel­di Ka­ka­ýew adyn­da­ky Hal­ka­ra ne­bit we gaz uni­wer­si­te­ti­niň ta­ly­by Ke­rim­gu­ly Ben­dow, Oguz han adyn­da­ky In­že­ner-teh­no­lo­gi­ýa­lar uni­wer­si­te­ti­niň ta­ly­by Gü­löw­ser Gy­lyç­mäm­me­do­wa, Türk­men döw­let yk­dy­sa­dy­ýet we do­lan­dy­ryş ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by Be­genç Sa­pa­row, Türk­men döw­let bi­na­gär­lik-gur­lu­şyk ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by Ba­tyr Öwez­my­ra­dow da­gy Wa­ta­ny­my­zyň we­kil­çi­lik­li to­pa­ry­nyň ady­na kü­müş me­dal­la­ry ýaz­dyr­dy­lar.
Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let ener­ge­ti­ka ins­ti­tu­ty­nyň talyplary Baý­ram Tu­ra­ýew, Mer­gen Me­re­dow, Nur­mu­ham­met Go­çy­ýew, Ýa­kup Täş­li­ýew hem-de Se­ýit­na­zar Seý­di adyn­da­ky Türk­men döw­let mu­gal­lym­çy­lyk ins­ti­tu­ty­nyň ta­lyplary Gurt­gel­di Ha­now, Gül­nur Şa­my­ra­do­wa we My­rat Jan­my­ra­dow dagy bü­rünç me­dal­a my­na­syp bo­lup, ýur­du­my­zyň we­kil­çi­lik­li to­pa­ry­nyň üs­tün­lik­le­ri­ne go­şant goş­du­lar. Hal­ka­ra yn­san­per­wer ylym­la­ry we ösüş uni­wer­si­te­tin­den Ke­rim Toý­ly­ýew, Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Türk­men döw­let uni­wer­si­te­tin­den We­pa Ber­di­ýew, Oguz han adyn­da­ky In­že­ner-teh­no­lo­gi­ýa­lar uni­wer­si­te­tin­den Döw­let­gel­di Şa­kir­ja­now, Te­le­kom­mu­ni­ka­si­ýa­lar we in­for­ma­ti­ka ins­ti­tu­tyn­dan Öwez­gel­di Muk­mu­ra­dow, Türk­men döw­let yk­dy­sa­dy­ýet we do­lan­dy­ryş ins­ti­tu­tyn­dan Me­det­ber­di Taň­ry­ber­di­ýew, Ýag­şy­gel­di Ka­ka­ýew adyn­da­ky Hal­ka­ra ne­bit we gaz uni­wer­si­te­tin­den Ys­lam Ha­ýyt­mu­ham­me­dow dagy hem bü­rünç me­dal­la­ra eýe bol­ma­gy ba­şar­dy­lar.
XIX Gü­nor­ta-Gün­do­gar Ýew­ro­pa ma­te­ma­ti­ka bäs­le­şi­gi­ne Türk­me­nis­ta­nyň, Al­ba­ni­ýanyň, Bol­ga­ri­ýanyň, Ser­bi­ýanyň, Ru­my­ni­ýa­nyň, Gre­si­ýanyň, De­mir­ga­zyk Ma­ke­do­ni­ýanyň 35 sa­ny ýo­ka­ry okuw mek­de­bin­den 150-den gow­rak ta­lyp gat­naş­dy. Ýur­du­my­zyň we­kil­çi­lik­li to­pa­ry 2007-nji ýyl­dan bä­ri ge­çi­ri­lip gel­inýän hal­ka­ra olim­pia­da 2013-nji ýyl­dan bä­ri gat­na­şyp, ýy­lyň-ýy­ly­na üs­tün­lik­li çykyş edýärler. Türk­men ta­lyp­la­ry ma­te­ma­ti­ka bo­ýun­ça hal­ka­ra bäs­le­şik­de 2023-nji ýyl­da 16, 2024-nji ýyl­da hem 17 me­dal ga­zan­dy­lar.


düýn 17:05
6.8k+

Türkmen talyby Amangeldi Murzaýew “GDA-nyň iň gowy talyby” boldy

Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň 53-nji orta mekdebiniň uçurymy, häzirki wagtda Gazagystanyň paýtagty Astanadaky Lew Nikolaýewiç Gumilýow adyndaky Ýewraziýa Milli uniwersitetiniň (ÝMU) 4-nji ýyl talyby......

25.05.2026 20:48
3.7k+

Aşgabatdaky sergide eMekdep ulgamynyň mümkinçilikleri tanyşdyryldy

Aşgabatda paýtagtyň 145 ýyllygyna bagyşlanyp, giň gerimde geçirilen «Ak şäherim Aşgabat — 2026» halkara sergisi binagärlik we şähergurluşyk ulgamynda gazanan üstünlikleri, bu ugurda alnyp barylýan geljegi uly......

21.05.2026 17:50
2.3k+

Türkmenistan we OpenAI bilim ulgamynda emeli aňy ornaşdyrmak barada maslahatlaşdy

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri Londonda geçirilen «Education World Forum 2026» Bütindünýä bilim forumynyň çäginde OpenAI kompaniýasynyň wekilleri bilen iş duşuşygyny geçirdi. Taraplar bilim......

21.05.2026 10:38
1.8k+

Oguz han adyndaky ITU-nyň talyplary halkara kiber bäsleşiginde uly üstünlik gazandy

Russiýa Federasiýasy tarapyndan GDA agza ýurtlaryň arasynda geçirilen «Sanly ulgam üçin hünärmenler. Kiber meýdançasynda ýaryş görnüşinde gutarnykly taslama-konstruktorçylyk çözgütlerini döretmek» atly halkara......