Volkswagen-iň arassa girdejisi 2024-nji ýylda 30,6% azaldy

  • 14.03.2025 08:01
  • 2.8k+

Volkswagen-iň arassa girdejisi 2024-nji ýylda 30,6% pese gaçdy. Bu barada kompaniýanyň hasabatyna salgylanyp, BILD habar berýär.

Geçen ýyl awtoöndüriji 9 mln awtomobil satdy – bu bir ýyl ozalkydan (9,2 mln) 2,3% azdyr.
Günorta Amerikada satuw ösdi, ýöne bu hytaý bazaryndaky ýitginiň öwezini dolmak üçin ýeterlik bolmady. Ýewropada we Demirgazyk Amerikada isleg 2023-nji ýyldaky derejesinde galdy.
Dolanyşyk birneme ösüp, 324,7 mlrd ýewro (+1%) bolsa-da, salgytlar tölenenden soň girdeji 2023-nji ýyldaky 17,8 mlrd ýewrodan 12,3 mlrd ýewro çenli azaldy.
VW-niň maliýe müdiri Arno Antlis munuň kyn bäsdeşlik gurşawynda erbet netije däldigini belledi.
Häzirki diwidend adaty paý üçin 6,30 ýewro we aýratyn paý üçin 6,36 ýewro bolar – bu geçen ýylkydan 30% azdyr. Şol bir wagtyň özünde Germaniýada Volkswagen-iň 120 000 töweregi işgäri 4799,50 ýewro möçberde baýraga bil baglap biler.


düýn 09:56
2k+

BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis bir bitewi dolandyryş ulgamyny döredýärler

Ýewropanyň iň iri awtoulag öndürijileri bolan BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis awtoulaglar üçin «Eclipse S-Core» dolandyryş ulgamyny bilelikde işläp düzmek barada ylalaşdylar. Bu taslama, hytaýly......

21.06.2026 16:05
4k+

Volkswagen-de çökgünlik: ýolbaşçylar kompaniýanyň ýok bolup gitmek howpuny boýun aldy

Germaniýanyň Volkswagen Group awtomobil konserniniň içerki ýagdaýy ýolbaşçylar tarapyndan örän howsalaly diýlip hasaplanýar. Germaniýanyň «Manager Magazin» neşiri kompaniýanyň müdirler geňeşiniň we gözegçilik......

14.05.2026 11:11
4.7k+

Ýapon hili nemes tehnologiýasyna garşy: Toyota bilen VW-niň ygtybarlylygynyň detallaýyn deňeşdirmesi

Consumer Reports neşiriniň täze geçiren barlagyna görä, Toyota ýapon brendi nemes Volkswagen kompaniýasyndan öňünden çaklanylýan ygtybarlylyk babatda uly artykmaçlygy görkezdi....

13.05.2026 09:33
7.7k+

61 ýurtda iň köp satylýan awtoulag markalary yglan edildi; Toyota 25 ýurtda öňdeligi eýeledi

Focus2Move synçy kompaniýasy 2025-nji ýylyň netijeleri boýunça 61 ýurtda iň köp satylan awtoulag markalarynyň sanawyny çap etdi. Garaşylyşy ýaly, dünýä bazarynyň lideri bir wagtyň özünde 25 ýurtda birinji orny......