Neuralink beýnä oturdyljak gurluşlary üçin «Telepatiýa» we «Telekinez» atlaryny hasaba aldyrdy

  • 13.03.2025 21:48
  • 1.9k+

Ilon Mask tarapyndan 2016-njy ýylda esaslandyrylan Neuralink kompaniýasy ABŞ-nyň Patentler we haryt nyşanlary edarasyna (USPTO) «Telepatiýa» (Telepathy), «Telekinez» (Telekinesis) we beýleki atlary geljekki önümlerinde ulanmaga hukuk almak maksady bilen ýüz tutdy diýip, «Forbes» neşiri habar berýär.

Maskyň ozal habar bermegine görä, Neuralink-iň ilkinji önümi «Telepatiýa» diýlip atlandyrylar we ol maýyplyk sebäpli hereket edip bilmeýän adamlara kompýuterleri ýa-da smartfonlary neýroimplant arkaly dolandyrmaga mümkinçilik berer. Emma 3-nji martda haryt nyşany üçin berlen arza, bu taslamanyň has giň gerimli maksatlarynyň bardygyny görkezýär.
Agzalan resminamada «Telepatiýa» atly enjam «habarlaşmagy we programma hem-de enjamlary dolandyrmagy ýeňilleşdirýän beýni-kompýuter interfeýsi» hökmünde häsiýetlendirilýär. Bu ýerde «habarlaşmagy ýeňilleşdirmek» diýen düşünje birden köp manyny aňladyp biler: daşarky enjamlary dolandyrmak bilen bir hatarda, implanty bolan adamlar bilen «gönüden-göni pikir alyşmaga-da» degişli bolup biler.
Häzirki wagtda çenli Neuralink kliniki synaglaryň ilkinji tapgyrynyň çäginde üç näsaga synag üçin neýroimplant ýerleşdirdi. Ilkinji gatnaşyjy 2024-nji ýylyň ýanwarynda operasiýa edilen Noland Arbo boldy. Häzirki synaglar maýyplara kömek bermäge gönükdirilen bolsa-da, Neuralink-iň geljekdäki meýilnamalarynyň has giň gerimlidigi aýdyň görnüp dur.


11.06.2026 23:59
6.6k+

Howlukmaçlyk edilipdir: kompaniýalar emeli aň sebäpli boşadan işgärlerini yzyna çagyrýarlar

Işewürlik dünýäsi «EA-bumerang» diýlip atlandyrylýan garaşylmadyk täze bir ýagdaý bilen ýüzbe-ýüz boldy. Emeli aňy ornaşdyrmak we işi awtomatlaşdyrmak üçin işgärlerini köpçülikleýin işden çykaran kompaniýalar......

03.06.2026 15:15
3.6k+

Türkmenistanyň Gümrük gullugy «Bir penjire» ulgamyna emeli aňy girizdi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy «Eksport-import amallary üçin bir penjire» web-portalyna (tradebridge.gov.tm) emeli aň tehnologiýasyny goşdy. Bu täze tehnologik mümkinçilik 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan......

28.05.2026 09:06
3.3k+

OpenAI emeli aň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine adam gözleýär – zähmet haky ýylda 445 müň dollar

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine ýylda 445 müň dollara çenli aýlyk hakly iş ornuny açdy....

18.05.2026 14:48
3.9k+

Tehasda ilkinji gezek maglumat merkezleriniň gurluşygyna wagtlaýyn gadagançylyk girizildi

Tehas ştatynyň Hill okrugynyň ygtyýarlylar geňeşi oba ýerlerinde maglumat merkezleriniň gurluşygyny bir ýyl möhlet bilen togtatmak baradaky karary goldap ses berdi. Bu karar ştatyň taryhynda şeýle görnüşdäki......