Suwuň üstünden uçýan ilkinji elektrikli ekranoplan üstünlikli synagdan geçirildi

  • 14.03.2025 14:26
  • 7.2k+

ABŞ-nyň Rod-Aýlend ştatynda ýerleşýän Regent Craft startapy özüniň doly göwrümli elektrikli ekranoplanyny ýolagçylaryň gatnaşmagynda üstünlikli synagdan geçirdi diýip, «New Atlas» neşiri habar berýär.

«Viceroy Seaglider» uçary «ekranyň effekti» diýen täsirden peýdalanýar. Ol ganatyň göteriji güýjüni artdyryp, aerodinamiki garşylygy azaldýar. Bu effekt, esasan, suw ýaly tekiz ýerleriň üstünden uçulanda ulanylýar.
Ekranoplan 12 sany ýolagçyny we ekipažyň iki agzasyny ýa-da 1600 kg-a çenli ýüki daşap bilýär. Ol 300 km aralygy geçmäge ukyply bolup, 300 km/sag tizlik bilen 9-18 metr beýiklikde suwuň üstünden uçýar.
Regent Craft kompaniýasy ekranoplanyň synaglaryny geçirmek üçin, ABŞ-nyň Kenarýaka gorag gullugyndan geçen ýylyň sentýabr aýynda rugsat alypdy, emma synag indi geçirildi. Bu uçaryň üç iş tertibi bar: suwuň ýüzünde ýüzmek, suwasty ganatlaryň kömegi bilen suwuň ýüzünden azajyk ýokary galmak we birnäçe metr beýiklikden uçmak.
Regent Craft startapy 2020-nji ýylda esaslandyryldy we şondan bäri ekranoplan tehnologiýasyny kämilleşdirmek bilen meşgullanyp gelýär. Ilkibaşda iki ýylyň dowamynda kiçi göwrümli prototip (nusgalyk model) taýýarlanyldy. Şondan soň bolsa doly göwrümli nusganyň gurluşygyna girişildi hem-de hereketlendirijiler, akkumulýator batareýalary we dolandyryş programmalary ýaly bort ulgamlarynyň ähli taraplaýyn synaglary geçirildi. Indi bolsa kompaniýa maýadarlaryň 90 million dollar möçberindäki maýa goýumlaryny ödemäge we ýokary tizlikdäki elektrikli kenarýaka transport bazaryna çykmaga bir ädim has ýakynda.
Regent Craft kompaniýasynyň berýän maglumatlaryna görä, olar eýýämden 9 milliard dollar möçberdäki sargytlary aldylar. Dünýäniň dürli künjeginden hyzmatdaşlar, bu elektrikli ekranoplanlary syýahatçy gatnatmakda, ýük daşamakda, adatdan daşary ýagdaýlaryň netijelerini aradan aýyrmakda we başga maksatlarda ulanmagy meýilleşdirýärler. Häzirki wagtda Regent Craft Rod-Aýlendde önümçilik kärhanasyny gurýar we ony geljek ýyl işe girizmegi meýilleşdirýär.

düýn 22:30
811

Ultrasesli espresso: Sidneýli alymlar kofe gaýnatmagyň täze usulyny oýlap tapdylar

Awstraliýanyň Sidneý şäherindäki Täze Günorta Uels uniwersitetiniň hünärmenleri espresso taýýarlaýan täze enjam döretdiler. Bu gurluş gyzgyn suw ulanman, ýörite ultrases gurnamasy tarapyndan döredilýän ýokary......

düýn 13:48
2.8k+

Saud Arabystanynda kosmosy öwrenmek üçin daşdan ajaýyp toplum gurlar

Britaniýanyň Heatherwick Studio binagärlik şereketi kosmosy öwrenmek üçin niýetlenen desganyň we syýahatçylyk merkeziniň funksiýalaryny birleşdirjek innowasion toplum bolan AlUla Manara taslamasy bilen......

22.06.2026 14:38
3.6k+

Mars Express Marsyň jülgelerinde 30 sany tozan "şeýtanyny" surata aldy

Mars Express orbita stansiýasy Marsdaky Mamers Valles sebitiniň — takmynan 1000 kilometre uzalyp gidýän giň jülgeler ulgamynyň — täze, detallaýyn suratyny Ýere iberdi. Suraty has ýakyndan öwrenenden soň,......

22.06.2026 08:10
5.1k+

Barlaglar kalsiniň we D witamininiň süňkler üçin peýdalydygyny tassyklamady

Kanadaly alymlar kalsiniň, D witamininiň ýa-da ikisiniň utgaşmasynyň yzygiderli kabul edilmeginiň gartaşan adamlaryň köpüsinde süňk döwülmeleriniň we ýykylmalaryň töwekgelçiligini azaltmaga täsiriniň azdygyny......