Uelsli aktýor Maýkl Şin 900 adamyň 1 mln funt sterlinglik bergisini üzdi

  • düýn 17:35
  • 4.2k+

Uelsli aktýor Maýkl Şin Uelsiň 900 ýaşaýjysynyň 1 mln funt sterlinglik bergisini üzdi. Olardan 100 müň funt sterling – onuň bergileri satyn almak boýunça kompaniýanyň döredilmegine gönükdirilen şahsy serişdeleri diýip, The Guardian habar berýär.

Bu taslama Channel 4-i “Maýkl Şiniň million funtlyk lotereýasynyň syry” dokumental filmini döretmäge ruhlandyrdy.

“Haýran galdyrýan ýeri, adamlar kaşaň predmetleri ýa-da şular ýaly zatlary däl-de, iň zerur zatlary satyn almak üçin kredit kartlaryny, owerdraftlary ulanmaly bolýar. Meniň üzüp bilen bergilerim kredit kartlary, owerdraftlar, awtokreditler we ş.m. boýunça bergileri öz içine alýardy” – diýip, Şin The Hollywood Reporter bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

Aktýor ilatyň garyp gatlagynyň wekillerini bergiden çykarmak başlangyjyny öňe sürdi. Şin ilkibaşda bergileri satyn almak boýunça kompaniýany döretmek üçin öz serişdelerini ulanmak pikirine ätiýaçly garandygyny aýtdy. Aktýor 100 müň funty boş ýere sarp edip bilmejekdigini, şonuň üçin taslamanyň mümkin boldugyndan netijeli bolmagynyň möhümdigini belledi.

“Adamlaryň bergileri bir bukja birleşdirilýär, soňra bergileri satyn alýan kompaniýalar bu bukjalary satyn alyp, soňra olary bergileri satyn alýan beýleki kompaniýalara arzan baha bilen satyp bilýär. Şeýlelikde, berginiň özi we hatda bergili adamlaryň sany öňküligine galsa-da, bergä eýeçilik edýän adam ony barha arzan baha satyp bilýär. Şeýlelikde, men öz pulumdan 100 000 funt sterlinge 1 mln funt sterling bergisi bolan kompaniýany döredip bildim, çünki bergileriň bahasy arzanlady” – diýip, ol The One Show ýaýlymynda aýtdy.

Aktýor bu taslama bergi meselesiniň bardygyny, ýöne ony çözüp bolýandygyny görkezmek üçin başlandygyny belledi.
“Alagaraňkylyk” (Сумерки) franşizasyndaky we “Ýagşy alamatlar” (Благие знамения) serialyndaky keşplerden başga-da, Şin özüniň işjeň haýyr-sahawat işi bilen tanalýar. Birnäçe ýyl mundan ozal The Bis Issue neşiri bilen söhbetdeşlikde Şin özüni “täjirçilik däl aktýor” hasaplaýandygyny we öz zähmet hakynyň esli bölegini haýyr-sahawata gönükdirjekdigini aýtdy. Ýöne şeýle ynsanperwer başlangyçlary sebäpli, ol eýýäm birnäçe gezek batmanyň bäri ýanyndan gaýtdy.


14.09.2024 10:16
5.9k+

Uelsde Disney gahrymanlary bilen bezelen jaý satuwa çykaryldy

Interýeri Disney studiýasynyň multfilmlerinden ylham alan jaý Uelsiň Denbişir graflygyndaky Ril şäherinde satuwa çykaryldy. Bu barada Sky News habar berýär. Bu özboluşly jaý filmleriň meşhur gahrymanlarynyň ägirt...

27.08.2024 13:05
8.5k+

Uelsde poçta salam hatyny 121 ýyldan soň gowşurdy

Suonsidäki (Uels) gurluşyk jemgyýetiniň işgärleri geçmişden 1903-nji ýylyň 23-nji awgusty bilen senelenýän garaşylmadyk haty aldylar. Bu barada Sky News habar berýär. Suratkeş Edwin Genri Landsiriň suratyny şekillendirýän...

22.08.2024 12:41
18k+

Mekdep okuwçysy Uelsiň kenarynda äpet dinozawrlaryň aýak yzlaryny tapdy: olaryň ýaşy 200 million ýyl

Günorta Uelsiň kenarynda 10 ýaşly Tegan atly gyzjagaz we onuň ejesi Kler ýaşy 200 million ýyl töweregi diýlip çak edilýän dinozawryň aýak yzlaryny tapdylar diýip, BBC ýazýar. Bu açyş 75 sm aralykda bolan bäş sany...

07.07.2024 02:42
8.7k+

Uelsde syýasatçylara ýalan sözlemegi resmi taýdan gadagan etmek meýilleşdirilýär

Uelsiň häkimiýetleri syýasatda ýalan sözlemegi resmi taýdan gadagan etjek kanun taslamasyna serederler diýip, Telegraph habar berýär. Kazyýet tarapyndan bilkastlaýyn aldawda günäkärlenen döwlet işgärleri saýlawly...