Uelsde poçta salam hatyny 121 ýyldan soň gowşurdy

  • 27.08.2024 13:05
  • 8.7k+

Suonsidäki (Uels) gurluşyk jemgyýetiniň işgärleri geçmişden 1903-nji ýylyň 23-nji awgusty bilen senelenýän garaşylmadyk haty aldylar. Bu barada Sky News habar berýär.

Suratkeş Edwin Genri Landsiriň suratyny şekillendirýän gadymy hat Lidiýa Dewis diýen biriniň salgysyna ýazylyp, Ewart tarapyndan gol çekilipdir. Ol hatda ýerine ýetirilmedik haýyş üçin gynanç bildirip, Lidiýanyň saglygy bilen gyzyklanypdyr, şeýle-de hanym Gilberte we Jona salam iberipdir.
Hat Pembrukşirdäki Fişgard şäherinden iberilipdir. Onuň 121 ýyldan soň adaty poçtanyň arasyna nähili düşendigi bolsa syr bolup galýar. Patyşalyk poçtasynyň wekili onuň şu wagta çenli poçtada saklanman, ýakynda iberilen bolmagynyň mümkindigini çaklaýar.
Hatyň taryhy sosial ulgamlarda uly gyzyklanma döretdi, bu ýerde Sounsiniň ýaşaýjylary şäheriň geçmişi barada ýatlamalary bilen paýlaşdylar. Seslenenleriň arasynda şol Lidiýanyň dolanan gyz agtygy hem bardy.


24.01.2026 16:30
3.3k+

Uelsdäki seýilgähiň aşagyndan gadymy Rim willasy tapyldy

Arheologlar Uelsiň Margam şäherindäki boşan seýilgähiň aşagyndan eldegrilmedik gadymy Rim willasyny tapdylar. Popular Mechanics-iň habaryna görä, gözlegçiler üçin uzak wagtlap näbelli bolan bu  açyş rim-britan döwrüne degişlidir...

09.05.2025 09:48
4.1k+

Uelsde soňky 400 ýylda ilkinji gezek ýabany samyr duşdy

Tebigatçy Iolo Uilýams Uelsdäki derýada ýabany samyra duşdy. Bu jandar Britaniýada soňky 400 ýylda ilkinji gezek göründi diýip, Bi-bi-si habar berýär. Samyrlar aw sebäpli bu sebitden ýitipdi, ýöne olaryň populýasiýasy soňky 20 ýylda dikelip başlady...

13.03.2025 17:35
5.4k+

Uelsli aktýor Maýkl Şin 900 adamyň 1 mln funt sterlinglik bergisini üzdi

Uelsli aktýor Maýkl Şin Uelsiň 900 ýaşaýjysynyň 1 mln funt sterlinglik bergisini üzdi. Olardan 100 müň funt sterling – onuň bergileri satyn almak boýunça kompaniýanyň döredilmegine gönükdirilen şahsy serişdeleri...

14.09.2024 10:16
6.1k+

Uelsde Disney gahrymanlary bilen bezelen jaý satuwa çykaryldy

Interýeri Disney studiýasynyň multfilmlerinden ylham alan jaý Uelsiň Denbişir graflygyndaky Ril şäherinde satuwa çykaryldy. Bu barada Sky News habar berýär. Bu özboluşly jaý filmleriň meşhur gahrymanlarynyň ägirt...