Uelsde soňky 400 ýylda ilkinji gezek ýabany samyr duşdy

  • 09.05.2025 09:48
  • 4.1k+

Tebigatçy Iolo Uilýams Uelsdäki derýada ýabany samyra duşdy. Bu jandar Britaniýada soňky 400 ýylda ilkinji gezek göründi diýip, Bi-bi-si habar berýär.

Samyrlar aw sebäpli bu sebitden ýitipdi, ýöne olaryň populýasiýasy soňky 20 ýylda dikelip başlady. “Men Uelsde täsin ýabany tebigaty, geň zatlary gördüm, ýöne bu pursat birinji orunda durýar” – diýip, Uilýams öz täsirleri bilen paýlaşdy.
Samyryň nireden peýda bolandygy belli däl. Uelsde samyrlar gorag astynda bolup, goraghanalarda saklanýar. Olary ýabany tebigata goýbermek üçin bolsa ýörite ygtyýarnama gerek, ýöne Uelsiň Tebigy baýlyklary dolandyryş guramasynyň şeýle ygtyýarnamany bermändigi anyklandy.
Ekologlar eýýäm köpeliş alamatlaryny ýüze çykardy: derýada samyr çagalary göründi.
Doktor Robert Nidhem bu jandarlaryň ýerli tebigat üçin peýdalydygyny, olaryň bentleri, öýjagazlary gurup, kanallary gazyp, beýleki görnüşler üçin ýaşaýyş gurşawyny döredýändigini belleýär. Şol sebäpli olar “tebigatyň inženerleri” diýlip atlandyrylýar.
Şeýle-de bolsa, samyrlaryň peýda bolmagy hemmeleri begendirmedi. NFU Cymru-nyň prezidenti Aled Jons käwagt samyrlaryň döreden bentleriniň oba hojalyk ýerlerinde suw basmalaryna getirýändigini belledi. Käbir daýhanlar samyrlaryň meýdanlara, agaçlara we ekinlere zeper ýetirmeginden gorkýar.


24.01.2026 16:30
3.2k+

Uelsdäki seýilgähiň aşagyndan gadymy Rim willasy tapyldy

Arheologlar Uelsiň Margam şäherindäki boşan seýilgähiň aşagyndan eldegrilmedik gadymy Rim willasyny tapdylar. Popular Mechanics-iň habaryna görä, gözlegçiler üçin uzak wagtlap näbelli bolan bu  açyş rim-britan döwrüne degişlidir...

13.03.2025 17:35
5.4k+

Uelsli aktýor Maýkl Şin 900 adamyň 1 mln funt sterlinglik bergisini üzdi

Uelsli aktýor Maýkl Şin Uelsiň 900 ýaşaýjysynyň 1 mln funt sterlinglik bergisini üzdi. Olardan 100 müň funt sterling – onuň bergileri satyn almak boýunça kompaniýanyň döredilmegine gönükdirilen şahsy serişdeleri...

14.09.2024 10:16
6.1k+

Uelsde Disney gahrymanlary bilen bezelen jaý satuwa çykaryldy

Interýeri Disney studiýasynyň multfilmlerinden ylham alan jaý Uelsiň Denbişir graflygyndaky Ril şäherinde satuwa çykaryldy. Bu barada Sky News habar berýär. Bu özboluşly jaý filmleriň meşhur gahrymanlarynyň ägirt...

27.08.2024 13:05
8.7k+

Uelsde poçta salam hatyny 121 ýyldan soň gowşurdy

Suonsidäki (Uels) gurluşyk jemgyýetiniň işgärleri geçmişden 1903-nji ýylyň 23-nji awgusty bilen senelenýän garaşylmadyk haty aldylar. Bu barada Sky News habar berýär. Suratkeş Edwin Genri Landsiriň suratyny şekillendirýän...