Audi meşhur R8 sportkaryny gaýtadan dikelder: täze wersiýanyň kuwwaty 1000 at güýjüne deň bolar

  • 13.03.2025 14:40
  • 1.9k+

Audi kompaniýasy R8 sportkarynyň täze wersiýasyny taýýarlaýar. Bu modeliň önümçiligi 2024-nji ýylda tamamlanypdy. Autocar-yň maglumatlaryna görä, model kuwwaty 1000 at güýjüne barabar bolan gibrid güýç enjamy bilen üpjün edilip, taryhda awtomobiliň iň tiz wersiýasy bolar.

Bu taslama Audi-niň dolandyryş geňeşiniň başlygy Gernot Dýollner jogap berýär. Awtomobiliň 2027-nji ýylyň ahyrynda görkezilmegi meýilleşdirilýär.
Täze R8 2024-nji ýylda hödürlenen Lamborghini Temerario sportkarynyň platformasyna esaslanýar. Awtomobiliň goşa turbinaly dört litrlik V8 hereketlendirijisini almagyna garaşylýar.
Ilkinji Audi R8 2006-njy ýylda peýda boldy we Lamborghini Gallardo bilen deň platformada gurnaldy. 2015-nji ýylda çykan ikinji nesil bolsa Huracán-yň platformasyna esaslandy.
20 ýylyň içinde bu modelden 44 418 nusga satyldy. 


09.05.2026 13:31
2.1k+

Brendiň halkasyz ikinji modeli bolan kaşaň AUDI E7X krossoweri ilkinji gezek görkezildi

Pekiniň awtoulag sergisinde AUDI E7X elektrik krossoweriniň resmi taýdan görkezilişi boldy....

27.04.2026 01:41
5.6k+

Milanyň dizaýn hepdeliginde 2026-njy ýylyň iň owadan awtoulaglary saýlanyldy

Milanyň dizaýn hepdeliginde Auto&Design žurnaly tarapyndan her ýyl gowşurylýan Car Design Award 2026 baýragynyň ýeňijileri  yglan edildi. Dabara ADI Design Museum muzeýinde geçirildi....

01.04.2026 16:47
3.5k+

Iri awtoöndürijiler köpçülikleýin elektromobillere geçmekden saklanýarlar

Dünýäniň azyndan 12 sany iri awtomobil öndürijisi elektromobil çykarmak baradaky meýilnamalaryna täzeden seretdiler. Olaryň bu babatdaky maksatnamasyny gysgaldanlary-da, ondan doly ýüz öwrenleri-de bar diýip,......

13.03.2026 17:49
8.2k+

2026-njy ýylyň iň garaşylýan awtoulaglary

Motor1 neşiri 2026-njy ýylyň ahyryna çenli awtomobil bazaryna çykarylmagyna garaşylýan iň täze awtoulag modelleriniň sanawyny çap etdi. Bu sanawa dürli ugurlardaky modeller, şol sanda benzinli, gibrid hem-de doly elektrikli ulaglar girizildi...