Täsin waka: Täze Zelandiýanyň bir adasyndan moriori halkynyň gadymy kanoesi tapyldy

  • 13.03.2025 12:53
  • 6.6k+

Täze Zelandiýadan, takmynan, 680 km uzaklykda ýerleşýän Çatem arhipelagynda (Rekohu) Winsent Dik atly balykçy we onuň ogly Niko tötänden haýran galdyryjy arheologiki açyş etdi. Adanyň demirgazyk kenarynda olar gumdan zomparyp çykyp duran "taýaga" duş geldiler.

Ilkibada tapynda kän bir ähmiýet berilmändir, ýöne tiz wagtdan onuň töweregindäki gum gatlagynyň aşagyndan gaýtadan işlenen yzlary bolan köne agaç bölekleri hem tapyldy. Winsent bilen Niko olary öýüne äkitdiler, arassaladylar we olaryň öňünde kanoeniň bir görnüşi bolan gadymy wakanyň (waka - kanoeniň bir görnüşi) bölekleriniň ýatandygyna düşündiler.
Ataly-ogul tapyndy barada ýerli hökümete habar berdiler, olar Çatama arheologlary çagyrdylar. Arheologlar tapyndylaryň özboluşlydygyny tassykladylar. Gadymy döwürlerde şuňa meňzeş wakalarda Täze Zelandiýanyň ýerli ýaşaýjylary bolan maori halky we Çatem adalaryna birnäçe asyr ozal gelen, maorä garyndaş halk bolan morioriler Ýuwaş ummany boýunça syýahat edipdirler.


Arheologlar gumdan 400-den gowrak fragmentleri, şol sanda gazma nagyş salnan agaç böleklerini, obsidianyň işlenen bölejiklerini we örülen ýüp böleklerini çykaryp aldylar, bular wakanyň eslije ýaşynyň bardygyny görkezýär. Gazuw-agtaryş işlerine ýolbaşçylyk edýän Sunrise Archaeology guramasyndan bolan Jastin Makswel begenjini gizlemeýär.

“Munuň ýaly wakany öň gören ýok. Ol bizi haýran galdyrýar, tapyndylaryň ähmiýeti garaşylyşyndan üýtgeşik. Bu, şübhesiz, Täze Zelandiýanyň taryhynda we Polineziýanyň ähli arheologiýasynda iň möhüm açyşdyr"- diýip, arheolog belledi.

Kanoeniň gelip çykyşy we takyk ýaşy indi kesgitlenmeli. Moriori rowaýatlarynda Polineziýa halklarynyň mifiki watany bolan Gawaikiden Çateme gelen Ragihoua wakasy barada ýatlanýar. Barlagçylar mümkin bolan baglanyşygy öwrenýärler. Emma, häzirlikçe gazuw-agtaryş işleri indiki möwsüme çenli togtadyldy.


07.06.2026 20:06
3.4k+

Norwegiýada XI asyra degişli kümüş teňňelerden ybarat uly göwrümli hazyna tapyldy

Norwegiýaly arheologlar Rena şäheriniň golaýyndaky meýdançada wikingler döwrüne degişli bolan 4772 sany kümüş teňňeden ybarat gymmat bahaly hazynany ýüze çykardylar....

05.06.2026 11:37
3.8k+

Notr-Dam ybadathanasynyň aşagyndan 1700 ýyllyk gadymy tapyndylar ýüze çykaryldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň öňündäki meýdançada geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda arheologlar ýaşy 1700 ýyla ýetýän ýüzlerçe gadymy tapyndyny ýüze çykardylar. Bu tapyndylar rim döwrüne, irki......

04.06.2026 11:11
3.1k+

Angliýada tapylan gadymy Müsür gaby sürme çüýşejigi bolup çykdy

Gözlegçiler 40 ýyldan gowrak mundan öň Angliýanyň Ýork şäherindäki arheologik gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda tapylan aýna gabyň Müsüre degişli, sürme saklamak üçin niýetlenen özboluşly bir gapdygyny......

21.05.2026 20:16
3.3k+

Taryhdaky ilkinji stomatolog: Altaý sebitinde stomatologik gatyşmanyň iň gadymy subutnamasy tapyldy

Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Sibir bölüminiň Arheologiýa we etnografiýa institutynyň alymlary Altaýdaky Çagyrskaýa gowagynda ýaşy takmynan 59 – 60 müň ýyl bolan neandertal adamsynyň azy dişini tapdylar....