Cadillac CT4-V 2026 modelini täzeledi. Esasy üýtgeşmeler içerki bezege degişli

  • 13.03.2025 12:05
  • 2.1k+

Cadillac  CT4-V 2026 üçin täzelenmeleri yglan etdi. Awtoulag standart funksiýalaryň giňeldilen sanawyny alar we kuwwatly hereketlendirijini saklap galar. Emma, esasy üýtgeşmeler salonyň bezeglerine we elýeterli opsiýalara degişlidir.

Indi iki: “gara”, şeýle hem gara öwüşginli “sangriýa” reňkdäki mini-perforasiýaly deri oturgyçlar standart bolar. Gara reňkdäki Inteluxe daşlyklar aýrylar. Mundan hem başga, Cadillac ozal 3000 dollara teklip edilen ýokary öndürijilikli sport oturgyçlaryny aýyrdy.
Öňki islege bagly funksiýalaryň birnäçesi indi adaty enjam hökmünde goşular. Olara gyzdyryjyly oturgyçlar we rul, şemalladylýan öňdäki oturgyçlar hem-de sürüji we öňdäki ýolagçy üçin massaž degişli.
CT4-V 325 at güýjüni öndürýän we 380 funt-fut (500 N⋅m) torkly, GM-iň 10 tizlikli awtomatiki geçirişine laýyk gelýän 2,7 litrlik turbo görnüşli hereketlendirijini saklar.
Modeliň önümçiligi Miçigandaky GM Lansing Grand River zawodynda ýola goýlar.

şu gün 09:56
1.3k+

BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis bir bitewi dolandyryş ulgamyny döredýärler

Ýewropanyň iň iri awtoulag öndürijileri bolan BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis awtoulaglar üçin «Eclipse S-Core» dolandyryş ulgamyny bilelikde işläp düzmek barada ylalaşdylar. Bu taslama, hytaýly......

düýn 00:00
2.5k+

10 minutlap sürüjisiz: Xiaomi YU7 GT «Nýurburingde» rekord goýdy

Xiaomi YU7 GT elektrokrossoweri «Nýurburing-Nordşlaýfe» ýoluny awtonom ýagdaýda (sürüjisiz) geçen ilkinji ulag boldy. Kompaniýanyň habar bermegine görä, maşyn 20,8 kilometrlik aýlawy 10 minut 29,483 sekuntda......

25.06.2026 08:11
1.9k+

Audi kompaniýasy ýolyşykda özi durýan täzelenen A3 hataryny hödürledi

Audi kompaniýasy täzelenen A3 awtoulag hataryny tanyşdyrdy. Bu hatara sedan, hetçbek we RS3 sport wersiýasy girýär. Esasy üýtgetmeler ulagyň içerki salonyna hem-de sürüjä kömek edýän elektron ulgamlara degişli......

24.06.2026 18:36
4.4k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....