Toyota Corolla 2026 1,6 litrlik turbomotor we doly herekete getiriji ulgam bilen üpjün ediler

  • 13.03.2025 06:36
  • 4.9k+

Toyota 2026-njy ýylda çykjak täze nesil «Corolla» modelini taýýarlaýar. «BestCarWeb» ýapon neşiriniň berýän maglumatlaryna görä, täze «Corolla» üç wersiýada hödürlener – sedan, uniwersal (Touring) we hetçbek (Sport).

Täze modelde esasan gibrid tehnologiýalara üns berler. «Corolla» 2028-nji ýyldan başlap Ýewropada güýje girjek «Euro-7» ekologiýa kadalaryna laýyk gelýän, 1,5 litrlik turbo görnüşli däl hereketlendirijiler bilen enjamlaşdyrylar. Bu hereketlendirijileriň güýji häzirki 2,0 we 2,5 litrlik hereketlendirijileriňkä deňeçer bolar.
Şeýle hem «Corolla Touring» wersiýasyna aýratyn üns berler. Bu model esasy, krossower we sport GR görnüşlerinde hödürlener.
Sport görnüşiniň «GR Yaris» we «GR Corolla» modellerinde ulanylýan 1,6 litrlik turbomotor hem-de «GR Four» doly herekete getiriji ulgamy bilen hödürlenjekdigi aýdylýar. Mundan başga-da, bu model gibrid hereketlendiriji bilen hem üpjün edilip bilner.

Toyota Corolla 2026-nyň häsiýetnamasy:

  • Ölçegleri: 4500 × 1750 × 1500 mm
  • Teker bazasy: 2650 mm
  • Hereketlendiriji: dört silindrli 1,5 litr, HEV (gibrid) / PHEV (elektrik togundan zarýad alýan gibrid)
  • Kuwwaty: 120-150 at güýji
  • Herekete getirilişi: öňdäki tigirlerden / ähli tigirlerden
  • Çaklanylýan bahasy: takmynan, 16500-23000 dollar aralygy

24.06.2026 14:05
5k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

24.06.2026 08:16
3.1k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

21.06.2026 21:15
5k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

16.06.2026 09:57
6.1k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......