Hindistandan 18 ýaşly ýigit dünýäde iň tüýlek adam hökmünde Rekordlar kitabyna girdi

  • 13.03.2025 06:32
  • 17k+

Hindistandan 18 ýaşly Lalit Patidar dünýäde iň tüýlek erkek adam hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Onuň şeýle bolmagynyň sebäbi bolsa seýrek kesel bilen baglanyşykly.

Heniz çaga wagty Patidarda gipertrihoz diýlip atlandyrylýan seýrek keseliň bardygy ýüze çykaryldy. Onuň esasy alamaty bedeniň tüý örtüginiň hetdenaşa gür bolmagydyr.
Lalit bilen bagly ýagdaýda tüý bedeniň 95%-ini, şol sanda burun bölegini tutýar. Onuň derisiniň her inedördül santimetrinde 201,72 tüý bar.
Lalit orta asyrlardan bäri bütin dünýäde resminama bilen hasaba alnan, takmynan, 50 ýagdaýyň biridir. Bu hakykat ony bir milliard adamyň arasynda ýeke-täk edýär.
Gündelik durmuşynda Patidar çagalygyndan bäri öz aýratynlygy sebäpli üstünden gülme, kemsitme bilen ýüzbe-ýüz bolýar.

“Adamlar menden gorkýar, ýöne tananlaryndan soň biziň aramyzdaky tapawudyň kän däldigine düşünýär” – diýip, Patidar aýtdy.

Muňa garamazdan, ýaş ýigit ruhdan düşmeýär we keseliň öz durmuşyna hem özüni duýşuna hiç hili täsir etmeýändigini belleýär. Ol bu ýagdaýa üns bermezden, okamagyny we işlemegini dowam etdirýär.


11.06.2026 10:59
6.9k+

Çarli Çapline meňzeşleriň 400-den gowragy rekord goýmak üçin Şweýsariýa ýygnandy

Beýik aktýora iň köp meňzeşleriň ýygnanyşygy boýunça dünýä rekordyny täzelemek üçin 400-den gowrak kişi Çarli Çapliniň meşhur sergezdan keşbine girip, Şweýsariýada jemlendi....

08.06.2026 18:02
5k+

Las-Wegasda düşek örtgülerinden iň uly gala guruldy

Las-Wegasda mekdep okuwçylary we ýerli ýaşaýjylar düşek örtgülerini ulanmak arkaly dünýäde iň uly galany (fort) gurdy. Bu netije resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi....

08.06.2026 17:48
7.4k+

Awazada Halkara ýoga güni bellenildi

7-nji iýunda Awazadaky «Tolkun» kottej toplumynyň kenarynda ýoga boýunça ussatlyk sapagy geçirildi. Bu çäräni her ýylyň 21-nji iýunynda bellenilýän Halkara ýoga gününi bellemegiň çäklerinde Hindistanyň......

08.06.2026 12:39
6.9k+

Taýwanda boýy 27 gatly jaýa deňeçer Gündogar Aziýanyň iň belent agajy tapyldy

Alymlar Gündogar Aziýanyň iň belent agajynyň nirede ýerleşýändigini anyklamagy başardylar. «Asman gylyjy» diýen ady alan bu agajyň boýy 84,1 metre ýetýär. Munuň özi 27 gatly binanyň belentligi bilen deňdir....