Volvo uniwersal görnüşli awtoulaglaryň önümçiligini bes edýär

  • 12.03.2025 18:47
  • 2.9k+

Volvo kompaniýasynyň baş müdiri Jim Rouen ýakyn wagtda beren interwýusynda kompaniýanyň geljekdäki meýilnamalary barada gürrüň berdi. Şeýle-de uniwersal görnüşli awtoulaglaryň indi Volvo brendi üçin ileri tutulmaýandygyny resmi taýdan tassyklady diýip, «Autocar» neşiri habar berýär.

Volvo-nyň strategiýasy – krossowerleriň meşhurlygynyň artmagyndan peýdalanmak. Şonuň üçin kompaniýa bar bolan modelleriň esasynda ýörite wersiýalary we aýratyn modifikasiýalary öndürmäge üns berer.
Gyzykly tarapy, bu beýanat Volvo UK-niň söwda müdiri Robert Diniň, 2023-nji ýylda V60 we V90 modelleriniň önümçiligini bes etmegiň ýalňyş karar bolandygyny aýdanyndan soň berildi.
Rowen Volvo-nyň öz iş ugruny bilkastlaýyn daraldýandygyny hem belledi. Işewürlik nukdaýnazaryndan bu dogry karar bolup durýar. Brend 2025-nji ýylda bäş sany täze modeli, şol sanda täze tanyşdyrylan ES90-y we doly elektrikli EX60 awtoulaglaryny çykarmagy meýilleşdirýär.


09.03.2026 11:12
4.9k+

Dünýäniň ekologiýa taýdan iň arassa awtoulag öndürijileriniň reýtingi düzüldi

Lead The Charge toparynyň geçiren barlaglaryna görä, Amerikanyň Tesla kompaniýasy dünýäde ekologiýa taýdan iň arassa awtoulag öndüriji hökmünde ykrar edildi. Bilermenler diňe bir modelleriň hataryny däl, eýsem ulaglaryň tutuş önümçilik dolanyşygyny seljerdiler...

06.02.2026 15:08
2.7k+

Volvo täze EX60-yň tanyşdyrylyşyndaky "adatdan daşary" tekerleriň syryny düşündirdi

Volvo kompaniýasy 2026-njy ýyl üçin özüniň ýeke-täk täze modeli bolan EX60 elektrik krossowerini tanyşdyrdy. Emma tanyşdyrylyş dabarasy täze tehnologiýalardan has köp, ulagyň tekerleriniň "adatdan daşary" hereketi bilen ýatda galdy...

27.01.2026 10:20
2.3k+

2,5 million Volvo uly täzelenmeden geçer: Ulgamlar has döwrebaplaşar

Volvo kompaniýasy 2020-nji ýyldan bäri öndürilen awtoulaglar üçin multimediýa ulgamlarynyň düýpli täzelenendigini yglan etdi. Bu täzelenme bütin dünýäde takmynan 2,5 million awtoulaga degişli bolar we sürüjilere diler merkezine barmazdan, iň soňky tehnologiýalardan peýdalanmaga mümkinçilik berer...

17.10.2025 17:14
5.2k+

Iň soňky Volvo V90, önümçilikden aýrylandan soň, muzeýe iberildi

Şwesiýanyň Volvo kompaniýasynyň Gýoteborgdaky zawodynyň gurnama hataryndan iň soňky V90 uniwersaly düşdi. Bu awtoulag satylmaz — ol kompaniýanyň muzeýinde hemişelik ýerleşdiriler. Volvo-nyň bellemegine görä, bu modeli öndürmegiň bes edilmegi islegiň azalmagy bilen däl-de, kompaniýanyň global önümçilik strategiýasynyň täzelenmegi bilen baglydyr...