“Anora” filminiň mahabaty onuň özünden üç esse gymmat düşdi

  • 12.03.2025 06:39
  • 4.5k+

Neon studiýasy “Anora” filmini mahabatlandyrmak üçin 18 mln dollar sarp etdi – bu mukdar filmiň öz býujetinden üç esse köpdür. Bu barada distribýutoryň baş müdiri Tom Kuinn The Town podkastynda habar berdi.

Kuinniň aýtmagyna görä, bu serişdeler çap, ulgam we TW mahabatlaryna, şeýle-de Amerikan akademiýasynyň “Oskara” ses berýän agzalary üçin DVD-lere sarp edildi.
Filmiň dünýä prokatyndaky kassa ýygymy bary-ýogy 41,6 mln dollar boldy. 1990-njy ýyldan bäri Oskar kino baýragynyň “iň gowy filmleriniň” arasynda diňe “Çarwalaryň topragy” (Земля кочевников, 39 mln) we “CODA” (3 mln) az gazanypdy. Birinjisine pandemiýa täsir etdi, ikinjisi bolsa çäkli prokat bilen Apple akym hyzmatynda çykdy.
Akym hyzmatlarynda “Anora” gowy başlangyç görkezdi. Kuinn filmiň Apple-de we Amazon-da öňdebaryjydygyny belledi. Ýöne režissýor Şon Beýker 2-nji martda “Oskar” alandan soň, esasy ünsi kinoteatrlara gönükdirmäge çagyrdy.
“Anora” bäş “Oskar”, şol sanda “Iň gowy film” üçin baýrak aldy. Baş keşbi ýerine ýetiriji Maýki Medisson iň gowy zenan keşbi üçin baýraga mynasyp boldy.


düýn 10:41
1.7k+

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» premýeradan öňki kassa ýygymlary boýunça ýylyň rekordyny goýdy

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» animasiýa filmi premýeradan öňki görkezilişlerde kassa ýygymlary boýunça 2026-njy ýylyň iň gowy netijesini görkezdi. Bu animasion taslama 17,5 million dollar gazandy diýip, «Variety»......

19.06.2026 20:14
4.5k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

19.06.2026 11:08
2.9k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

18.06.2026 09:56
2.6k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....