“Ümsüm ýer” filminiň üçünji bölümi çykar: režissýorlyga Jon Krasinski gaýdyp geler

  • 12.03.2025 06:29
  • 3.7k+

“Ümsüm ýer” (Тихое место) horror franşizasynyň üçünji bölümi çykar, bu barada prodýuser Bred Fuller SXSW festiwalynda The Direct bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

“Anyklaşdyrmak isleýän: “Birinji gün” – bu “Ümsüm ýer-3” däl. Häzir biz üçünji bölümiň üstünde işläp başlaýarys” – diýip, ol belledi.

Fulleriň aýtmagyna görä, filmiň önümçiliginiň gijikdirilmegi ilkinji iki filmiň režissýory we ssenariçisi bolan Jon Krasinskiniň iş tertibiniň doly bolmagy bilen baglanyşyklydyr. Häzir ol başga bir taslama bilen meşgul – ony gutaran badyna, topar trikweliň üstünde işläp başlar.

“Jon häzir diýseň gerekli. “Ofisden” soň ol režissýorlyga üns bermekçidi, häzir bolsa onuň meýilnamasy uzak möhlet üçin düzüldi. Biz trilogiýany jemlemek üçin onuň boşaşmagyna garaşýarys. Ähtimal, franşizany ýene dowam etdireris” – diýip, prodýuser belledi.

Horror filminiň üç bölümden ybarat boljakdygy barada baryp 2022-nji ýylda aýdylypdy. Awtorlar ony 2025-nji ýylda çykarmakçydy, ýöne munuň deregine Paramount 2023-nji ýylda meşhur bolan “Birinji gün” (Тихое место: День первый) prikwelini çykardy. Indi üns merkezinde ýene-de Ebbott maşgalasy bolar. Ilkinji filmleriň ýyldyzy Emili Blant, eger Krasinski çalşylan ýagdaýynda, taslama gatnaşmak islemeýändigini aýdypdy. Ikinji bölümiň finalyny göz öňünde tutsaň, onuň gaýdyp gelmegi heniz soragly.
Franşiza ilkinji gezek 2018-nji ýylda görkezildi we uly bolmadyk býujet bilen prokatda 638 mln dollar gazandy.


düýn 23:58
1k+

Illumination studiýasy «Zweropoý» we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy» filmleriniň täze bölümlerini taýýarlaýar

«Illumination» studiýasy «Zweropoý 3» (Sing 3) we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy 3» (Тайная жизнь домашних животных 3) animasion filmlerini işläp düzmäge başlady. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris......

düýn 21:03
11k+

Londonyň üstünden ägirt aždarha uçup geçdi

HBO kompaniýasy «Aždarhanyň öýi» (House of the Dragon / Дом Дракона) serialynyň üçünji möwsüminiň premýerasynyň öňüsyrasynda Londonyň Tauer galasynyň üstünden mehaniki aždarhany uçurdy....

25.06.2026 14:57
1k+

Google kino älemine ilkinji gezek maýa goýup, «A24» studiýasynyň paýyny satyn alýar

Google tehnologiýa ägirdi we "A24" meşhur garaşsyz kino studiýasy strategik hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşandyklaryny resmi taýdan yglan etdiler....

25.06.2026 08:26
6k+

Futboldan aktýorlyga: Dewid Bekhemiň ogly ilkinji gezek kinoda oýnar

Dewid bilen Wiktoriýa Bekhemiň ogly Romeo Bekhem «Hasap 40:0» (asyl ady — Forty Love) atly romantik filmde rol aldy diýip, «Variety» neşiri habar berýär. Bu onuň kinoda ilkinji gezek çykyş etmegi bolar....