Samsung kompaniýasy Galaxy S25-de we eplenýän modellerinde One UI 8-ini synag edýär

  • 12.03.2025 06:14
  • 2.4k+

Samsung One UI 7 täzelenmesini çykarmakda gijä galýar. Muňa garamazdan, kompaniýa eýýämden käbir modellerde One UI 8-i synagdan geçirip başlady diýip, «Gizmochina» neşiri habar berýär.

Häzirki wagtda One UI 7 diňe käbir seriýalar üçin elýeterlidir. Olaryň hataryna Galaxy S24, şeýle hem ýakyn wagtda beta wersiýasyny almaga başlan Z Fold 6 we Z Flip 6 modelleri girýär. Şonuň bilen birlikde, Samsung içerki synag hökmünde eýýäm Galaxy S25, Z Fold 6 we Z Flip 6 üçin One UI 8-iň üstünde işleýär.
Şeýle-de bolsa, One UI 8 täzelenmesiniň haçan çykjakdygy heniz belli däl. Kompaniýa One UI 7-de ýüze çykan gijä galmalaryň gaýtalanmazlygy üçin, bu prosesleri çaltlaşdyryp biler.


12.05.2026 14:43
6.6k+

Dua Lipa öz suratynyň TW gutularynda ulanylandygy üçin Samsung-dan $15 mln talap etdi

Aýdymçy Dua Lipa Samsung kompaniýasynyň üstünden kazyýete şikaýat edip, öz suratynyň rugsatsyz telewizor gutularynda ulanylandygy üçin azyndan 15 million dollar möçberinde öwez tölegini talap etdi....

11.04.2026 14:59
8k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

11.04.2026 10:19
3.3k+

Samsung her dördünji ýewropalynyň iliň telefonyna jyklaýandygyny anyklady

Samsung tarapyndan geçirilen barlaga we Delfi agentliginiň berýän maglumatyna görä, Ýewropanyň ýaşaýjylarynyň ýarysyndan gowragy (56%) jemgyýetçilik ýerlerinde iliň telefonynyň ekranyna seredendiklerini boýun......

23.03.2026 00:03
5.8k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-ny yzyna gaýtarmakdan ýüz öwrenlere 250 dollara çenli pul hödürleýär

«Samsung Galaxy S26 Ultra smartfonlaryny ulanýanlar kompaniýanyň enjamy yzyna gaýtarmakdan ýüz öwren ýagdaýynda, olara 250 dollara çenli öwez puly berilýär» diýip WCCFTech neşiri ýazýar. Ulanyjylaryň aýtmagyna görä, şeýle teklibi smartfon barada şikaýat ýa-da satyn alnan önümden närazylyk bilen kömek gullugyna ýüz tutanyňdan soň alyp bolýar...