Sony çäkli mukdarda "The Last of Us" äheňindäki DualSense geýmpadlaryny hödürledi

  • 11.03.2025 22:35
  • 2.5k+

Sony ýapon tehnologiýa öndürijisi PlayStation 5 üçin çäkli möçberde öndüriljek täze DualSense oýun dolandyryjysyny hödürledi. Bu gezekki aýratyn görnüş meşhur «The Last of Us» (Biziňkilerden iň soňkusy) franşizasyna bagyşlandy.

Onuň dizaýny «Naughty Dog» studiýasy bilen bilelikde işlenip taýýarlanyldy. Bu dolandyryjy «The Last of Us» oýnunyň birinji hem-de ikinji bölümlerinden alnan nyşanlary hem öz içine alýan, ýalpyldaýan şekilleri özünde jemleýär.
Enjamyň ýüzünde «Ýaldyrawuk tomzajyklaryň» (Fireflies) nyşany, kebelegiň we möjegiň şekilleri ýerleşdirilipdir. Bu elementler Elli we Ebbiniň başdan geçiren möhüm wakalaryny alamatlandyrýar. Dolandyryjynyň esasy bölegi ýalpyldamaýan (mat) gara reňkde bolup, taýaklary, düwmeleri we triggerleri bolsa ak reňkde taýýarlanypdyr. Dolandyryjynyň arka tarapynda bolsa oýnuň ady ýazylan.
Täze DualSense-iň satuw çykyşy «The Last of Us Part II Remastered» oýnunyň kompýuter wersiýasynyň çykarylmagyna (3-nji aprel) we HBO-daky serialyň 2-nji möwsüminiň başlaýan gününe (13-nji aprel) gabat getirilýär.
Enjamyň bahasy 85 dollar, öňünden sargyt mümkinçiligi 14-nji martda elýeterli bolar. Satuwyna bolsa 10-njy aprelde başlanar.


09.06.2026 12:24
1.1k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....

08.06.2026 16:23
1.8k+

Sony Kratosyň aýaly Feýiň başdangeçirmeleri barada God of War Laufey oýnuny çykarar

Sony kompaniýasy God of War älemine degişli bolan täze God of War Laufey oýnuny resmi ýagdaýda yglan etdi. Bu täze taslamanyň baş gahrymany Kratosyň aýaly we Atreýiň ejesi Feý bolar. Oýun State of Play......

27.05.2026 15:37
1.5k+

Sony Pictures-i anime taslamalary halas etdi

Sony Pictures Entertainment 2026-njy ýylyň 31-nji martynda tamamlanan maliýe ýyly boýunça hasabat berdi. Hasabatda aýdylyşyna görä, bölümiň girdejisi geçen ýylky derejesinde galyp, 9,92 milliard dollar boldy......

16.05.2026 19:49
3.7k+

Jon Trawolta Kannda duýdansyz ýagdaýda «Altyn palma şahasy» hormat baýragyny aldy

Amerikan aktýory Jon Trawolta kinematografiýa goşan goşandy üçin Kann kinofestiwalynyň «Altyn palma şahasy» hormat baýragyna mynasyp boldy. Bu baýragyň gowşuryljakdygy barada öňünden habar berilmändi....