Ýaponiýa bazary durnuklaşdyrmak üçin strategiki ätiýaçlyklaryndan tüwi satyp başlady

  • 11.03.2025 17:32
  • 7.9k+

Ýaponiýanyň Oba hojalyk ministrligi dänäniň bahasynyň ýokarlanmagynyň öňüni almak maksady bilen, strategiki ätiýaçlyklaryndan tüwi satyp başlady. Ilkinji auksion 10-njy martda geçirildi diýip, «The Japan News» habar berýär.

Auksionda ministrlik 150 müň tonna tüwi satdy, şol bir wagtyň özünde häkimiýetler ýylyň dowamynda paýlaýjylardan (distribýutorlardan) şonça mukdarda tüwini gaýtadan satyn aljakdygyny mälim etdiler. Umuman, ätiýaçlykda duran 1 million tonnadan jemi 210 müň tonna tüwiniň satuwa çykarylmagy meýilleşdirilýär.
Fewral aýynda 5 kilogramlyk tüwi bukjasynyň ortaça bölekleýin satuw bahasy 3688 ýena (24 dollara) ýetip, geçen ýyl bilen deňeşdirilende 1,5 esse gymmatlady. 2023-nji ýylda bol hasylyň bolmazlygy sebäpli, tüwi ätiýaçlyklary azaldy. Güýz paslynda önümçilik 180 müň tonna ýokarlandy, emma bahalar pese düşmedi.
«Kyodo» agentliginiň berýän maglumatlaryna görä, bu ýetmezçilik syýahatçylaryň sanynyň köpelmegi hem-de daýhanlaryň bahalaryň mundan beýläk-de ýokarlanmagyna garaşyp, ellerindäki ätiýaçlyklaryny satmak islemeýändikleri bilen baglanyşyklydyr.


12.06.2026 10:04
6k+

Kyodo: Ýaponiýada puluň hümmetsizlenmegi güýçlendi. Lomaý bahalar üç ýylyň iň ýokary derejesine ýetdi

ABŞ-ndan, Hytaýdan we Germaniýadan soň nominallaýyn Jemi içerki önüm (JIÖ) boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýän Ýaponiýa ykdysady basyşyň güýçlenmegi bilen ýüzbe-ýüz boldy. Kyodo habarlar gullugynyň......

11.06.2026 07:42
2.1k+

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

09.06.2026 15:08
2.4k+

Ýaponiýada bitkoin-ETF-leriň işe girizilmegi 19,3 milliard dollara çenli maýany çekip biler

Seljerijiler Ýaponiýany spot görnüşli bitkoin-ETF-leri işe girizmek ähtimallygy iň ýokary bolan ýurtlaryň biri hasaplaýarlar. XWIN Japan kompaniýasynyň çaklamalaryna görä, şeýle gaznalar öz işiniň ilkinji......

28.05.2026 12:23
2k+

Kanada maýa goýum özüne çekijiliginiň reýtinginde Hytaýdan öňe geçdi

Kanada we Ýaponiýa «Kearney FDI Confidence Index 2026» maýadarlaryň ynam reýtinginde öz ornuny berkitdi, Hytaý bolsa on ýylyň içinde ikinji orundan dördünji orna düşdi....