Türkmen hokkeýçileri Tailandda U18 Dünýä çempionatynda bürünç medallary aldylar

  • 11.03.2025 16:50
  • 3.5k+

Türkmenistanyň ýetginjekler hokkeý ýygyndysy 18 ýaşa çenli türgenleriň arasynda geçirilen Dünýä çempionatynyň III diwizionynyň “B” toparynda bürünç medal gazandy. Ýaryşlar Bangkog şäherinde (Tailand) alty ýygyndynyň gatnaşmagynda geçirildi.

Bu diwizion dereje taýdan ýedinjidir we bu ýerde 41-46-njy orunlar ugrunda bäsleşik geçirilýär.
Final tapgyrynyň öňüsyrasynda birinji orun we “A” toparyna çykmaga hukuk gazanmak ugrunda Tailand bilen Özbegistan bäsleşdi. Iki ýygyndy hem 12 utuk toplady. Duşuşyk özbek hokkeýçileriň 3:2 (1:1, 1:1, 1:0) hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy.
Türkmenistan bürünç medal ugrunda Bosniýa we Gersegowina bilen güýç synanyşdy. Mundan öň türkmen türgenleri Lýuksemburgy (8:2) ýeňip, Tailanddan (3:4) we Özbegistana (2:8) ýeňlip, Günorta Afrika Respublikasyny (18:7) utdy.

Bosniýaly garşydaşlary bilen geçirilen oýun dartgynly geçdi. Iki gezek hasapda yzda bolan türkmen türgenleri üçünji döwde dört gol geçirip, ýeňiş gazandy. Netijede, 5:2 (1:1, 0:1, 4:0) hasaby bilen ýeňiş gazanyldy.
9 utuk bilen Türkmenistan üçünji orny eýeledi. Tailand (12 utuk) we Özbegistan (15 utuk) ilkinji iki orny paýlaşdy.
Türkmenistanyň ýetginjekler ýygyndysy 2026-njy ýylda hem “B” toparynda çykyş eder.
Türkmenistanyň ýygyndysynyň hüjümçisi Sultanhamyt Wahytow çempionatyň iň netijeli oýunçysy boldy. Ol 24 utuk (10 gol + 7 pas) toplap, iň köp netijeli görkeziji bilen tapawutlandy.
Ýygyndy Meýlis Kuliýewiň ýolbaşçylygynda, onuň kömekçileri Maksat Ataýew we Azatgeldi Bäşimowyň gatnaşmagynda bu ýaryşa taýýarlyk gördü.


22.06.2026 17:52
5.2k+

Ulan-Batordaky ýaryş jemlendi: dzýudoçy Maýsa Pardaýewa bürünç medal gazandy

Türkmen dzýudoçysy Maýsa Pardaýewa 2028-nji ýylda Los-Anjelesde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna saýlama tapgyrynyň ilkinji tapgyry bolan Ulan-Batordaky «Uly tuwulga» ýaryşynda 57 kg çenli agram derejesinde......

18.06.2026 14:40
4.5k+

Los-Anjeles — 2028-e tarap ýoluň başlangyjy: 16 türkmen dzýudoçysy Ulan-Batora ugrady

19—21-nji iýun aralygynda Ulan-Bator (Mongoliýa) şäherinde dzýudo boýunça abraýly «Uly tuwulga» ýaryşy geçiriler. Halkara dzýudo federasiýasynyň (IJF) resmi saýtynda habar berlişi ýaly, ýaryşlara dünýäniň 58......

17.06.2026 13:03
17k+

Arslanmyrat Amanow: «Dünýä çempionatynda Özbegistanyň milli ýygyndysyna we dostlaryma janköýerlik ederin»

Sebitiň iň tanymal we zehinli futbolçylarynyň biri, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Arslanmyrat Amanow 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty baradaky pikirlerini paýlaşdy. Häzirki wagtda «Arkadag»......

11.06.2026 08:03
3.5k+

Türkmen karateçileri Manilada geçirilen ýaryşda altyn we bürünç medallary gazandy

Filippinleriň paýtagty Manila şäherinde geçirilen «Karate-1 Ýaşlar ligasy» (Karate 1-Youth League) dünýä tapgyrynyň ýaryşynda türkmen türgenleri üstünlikli çykyş edip, altyn we bürünç medallary gazandy....